Bagdady çägeli harasat basdy

Bagdady çägeli harasat basdy

Yragyň paýtagtyny güýçli çägeli harasat basdy, netijede, 500-den gowrak adam demgysma sebäpli ejir çekdi. Olaryň köpüsi agyr ýagdaýda hassahana eltildi diýip, Habar 24 ýazýar.

Bagdadyň ýaşaýjylary agyz-burun örtügini we beýleki gorag serişdelerini dakynmaga mejbur bolýarlar. Häkimiýetler olara öýleridir binalary terk etmezligi maslahat berýärler.

Çägeli harasatlar ýurduň paýtagtynda adaty ýagdaý, emma hünärmenler olaryň sanynyň soňky ýyllarda barha artýandygyndan biynjalyk bolýarlar. Ýagdaý bu ýyl ygalyň az düşmegi, çölleşmek we howanyň üýtgemegi bilen baglylykda has çylşyrymlaşýar.

Ýene degişli makalalar

Bagdadyň iň uly bazarlarynyň birinde ýangyn boldy
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
“Yragyň we Türkiýäniň Howpsuzlygy Biri-Biri Bilen Arabaglanşykly
Terror Guramasy PKK Biziň Üçün we Resmi Bagdat Üçin Uly Dert
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar
Milli Goranmak Ministri Güler, Yraga Gitdi