Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Bereketli toprak gazetiniň goldamagynda Kärdeşler arkalaşygy milli merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň iň güýçli bagbany adyny almaga bäsleşigiň jemi jemlendi.Güýçlileri mübäreklemek dabarasy Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi.
Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygy birleşiginiň ýolbaşçysy Berdimyrat Rozyýew bäsleşigiň diňe bir miwe önümlerini ýetişdirýän bagbanlaryň däl, eýsem seçgiçileriň we tohumçylaryň ýokary hilli nahallary ýetişdirýän hünärmenleriň arasynda hem güýçlileri ýüze çykarandygyny belledi.
OST-nyň işgärleriniň arasynda önümçilikçileriň bäsleşigi bu pudagy toplumlaýyn özgertmegiň, zähmeti guramaga bazar gatnaşyklary gurallaryny ornaşdyrmagyň jähtinden geçrilýär. Şunuň bilen baglylykda oba hojalyk uniwersitetiniň tokaý we bag-seýilgäh hojalygy kafedrasynyň müdiri Akmyrat Atamyradowyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we önümçilgiň goşulyşmagy bagçylygyň ykdysady mümkinçiligini, şeýle hem önüm öndürijileriň ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Bagbanlaryň milli bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň öňüsyrasy OST-ny ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlanan mejlis geçirildi.Binanyň eýwanynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň üstünliklerini görkezýän sergi guraldy.
Bäsleşigiň etrap hem welaýat tapgyrlarynda üstünlik gazanan 12 adam ýeňiji diýlip yglan edildi.Olaryň arasynda paýtagymyzdan Bekrewe nahalhana hojalygynda işleýän Toýly Jomardow bilen Aýjemal Çäşemowa hem bar.Emin agzalary almanyň, naryň, şeýle hem tut we ykjam tuýa agajynyň seçgisi boýunça olaryň gazanan üstünligini bellediler.
Welaýat kärdeşler arkalaşygy komitetiniň utgaşdyryjysy Aýgözel Hojalyýewa söhbetdeşligimizde Ahal jülgesinde bag-seýilgäh işgärlerinden iň güýçlisini saýlamagyň kyn düşendigini aýtdy, çünki sebitde bezeg we medeni ösümlikleri ýetişdirmegiň innowasion tehnologiýalary synag edildi.
Gökdepe etrabyndan ýaşaýyş jaý-jemagat bölüminiň tokaýçysy Jumamuhammet Annaýew we Ak bugdaý etrabyndan kärendeçi bagban Ýusup Bäşimow ýeňiji diýlip yglan edildi.
Jumamuhammet şäher bezegi üçin gülleri ýetişdirýär, Ýusup bolsa alma, erik we üzüm ýetişdirip, hasylyň bir bölegini Russiýa ugradýar.Köpetdag daýhan birleşigininden 100 gektardan gowrak ýeri 99 ýyla kärendesine alan Ý.
Bäşimow gowaçadyr galla ýetişdirmäge girişdi.Lebap welaýatynyň wekilleri Saýat etrabyndan Mähriban Döwletowa bilen Halaç etrabyndan Güljan Nazarowa hem şu ýyl ýokary netije gazandylar.Mähriban on ýyl bäri 2 gektar ýerde miweli baglara ideg edýär, ol işe täze başlan bagbanlara öz tejribesini öwredýär, Güljan bolsa zyýanly mör-möjeklere we ösümlikleriň kesellerine garşy göreşiň biologik usularyny işläp taýýarlaýar.
Balkan welaýatyndan Magtymguly şäherçesinden kärendeçi-tokaý işgäri Guwanç Durdyýew, şeýle hem TOHU-nyň ýanyndaky Magtymguly etrabyndaky genetiki serişdeler ylmy-önümçilik synag merkeziniň seçgiçisi Ogulgurban Abylowa dagy tapawutlandylar. Şu ýyl G.
Durdyýew tuýanyň müň, eldar sosnasynyň bäş ýüz, ýapon soforasynyň müň nahalyny, O.Abylowa bolsa bäş gektar ýerde almanyň, naryň, armydyň we behiniň birnäçe müň düýp nahalyny ýetişdirdiler.Mary welaýatynda bu ugurdan Baýramaly etrabyndan welaýat tokaý hojalygynyň işgäri Kakamyrat Orazgulyýew bilen Ataýurt daýhan birleşiginden Baýramgeldi Ýagmyrow kärine ussatlar diýlip yglan edildi.
Kakamyrat şorluga durnukly miweli baglaryň we üzüm nahallaryny, Baýramgeldi bolsa şu ýyl bezeglik pürli agaçlaryň nahallarynyň 100 müň düýbüni ýetişdirdiler.Miweli baglary, üzüm we limon ýetişdirýän toparyň ýolbaşçysy Hoja Rozmedow we bagban Baýrambaý Geldimedow dagy Daşoguz welaýatyndan güýçliler diýlip ykrar edildi.