Bagbançylygyň saglyga peýdasy

Geçirilen barlaglarda dürli nähoşluklaryň we ruhy hassalyklaryň öňüni almakda bagbançylygyň aýratyn ähmiýete eýedigi ýüze çykaryldy. Çünki bagbançylyk bilen meşgullanýanlar köp hereket edýärler.Bu ýagdaý öz gezeginde, düwnük keseliniň we dürli hroniki keselleriň döremek howpuny azaldýandygyny ýüze çykardy.

Synaga gatnaşanlar stres we alada derejeleriniň ep-esli azalandygyny bellediler diýip, ABŞ-nyň Kolorado uniwersitetiniň bilermenleri belleýärler.Barlagyň netijeleri Lancet Planetary Health žurnalynda çap edildi.

Bu netijeler bagbançylygyň düwnük keseliniň, birsyhly köne keselleriň we ruhy taýdan bozulmalarynyň öňüni almakda möhüm rol oýnap biljekdigini anyk subut edýär diýip, Kaliforniýa uniwersitetiniň daşky gurşawy öwreniş kafedrasynyň professory Jill Litt belleýär. Ol öz iş tejribesiniň köp bölegini, ilatyň arasynda keselleriň ýüze çykmak howpuny azaltmagyň elýeterli we durnukly usullaryny gözlemäge bagyşlapdyr.

Bagbançylygyň birek-birek bilen gatnaşyklary ösdürmekde-de täsiri uludyr. Bagyňyza gireniňizde melleginde işläp ýören goňşyňyz bilen ekin-tikin işleri barada maslahatlaşmaga mümkinçilik döreýär. Bu ýagdaý bolsa, goňşular bilen gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Mellekde diňe bir miwedir gök önümleri ýetişdirmek barada alada edilmän, eýsem, beýlekiler bilen arassa howaly tebigatda tejribe alyşmaga hem mümkinçilik döreýär diýip, Litt sözüni jemleýär.

Arzygül BALLYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň magistranty.

Ýene degişli makalalar

Mary: Agyr ýagyşlar ýeralma ekinine zyýan ýetirdi
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Türkiýede iş saparynda boldy