Bagaja gaz käniniň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin maddy-tehniki enjamlar satyn alnar

Bagaja gaz käniniň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin maddy-tehniki enjamlar satyn alnar

Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow Döwlet Baştutanyna Türkmengaz döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn almagy hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu maddy-tehniki enjamlar we serişdeler Türkmengaz döwlet konserniniň Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatyna çykarmak arkaly Bagaja gaz käninde tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly we netijeli işiniň bu pudagyň düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gündogar sebiti 97 müň 236 tonna suwuklandyrylan gaz eksport etdi
Türkmengaz DK Bagaja käninden tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrar
Türkmengaz döwlet konserni maddy-tehniki enjamlary satyn alar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Naýypda gazy gaýtadan işleýän enjam döwrebaplaşdyrylýar