Bag geçisimi ýa-da dag geçisi?!

Goşa toýnakly jandarlar bolan geçileriň Ýer ýüzünde öýdeçi we ýabany tebigatda ýaşaýan 300 töweregi görnüşi duş gelýär.Adatça, bu jandarlar otluk meýdanda, dag eteklerinde, baýyrlarda we düzlüklerde otlaýarlar.

Goýundan tapawutlylykda geçiler belende çykyp, öň aýagyna galyp, agajyň ýapraklaryny iýip bilýärler. Ýöne geçiniň bu ugurda has ökde agajyň çür depesine ýa-da dagyň kert gaýasyna çykyp iýmitlenýän görnüşleri hem bar.

Geliň, geçiniň täsin görnüşleri bilen tanyş bolalyň!

Bag geçisi. Afrikanyň demirgazyk-günbatar sebitinde, Marrakeşden kenarýaka Essauira şäherine barýan tozanly ýolda argan agaçlaryny eýeläp oturan geçileri görmek bolýar.Akrobat geçileriň bu tomaşasy görenleri geň galdyrýar.

Geçiniň adaty görnüşi bolan marokko geçisiniň çöpüri, esasan, ak reňkde bolýar.Bu geçiler dyrmaşmak üçin tikenli argan agajyny saýlap alypdyrlar.Arganyň içi maňyzly miwesi geçiler üçin elýetmez iýmit hasaplanýar.

Geçiler 10 metre çenli ýokary dyrmaşyp, 3-4 sagatlap agajyň miwesini çöpleýärler.Hatda geçiler maňyzly miwäni iýmek üçin agaçdan agaja-da bökýärler.Agajyň çür depesindäki inçejik şahalarda deňagramlylygy saklap, birnäçe sagatlap durýarlar.

Syýahatçylaryň geçileriň bu endigini emeli ýagdaýda öwredilen diýip hasaplaýandyklaryna garamazdan, bu hadysa marokko geçileriniň dogabitdi endigidir. Ýewropaly syýahatçylar bu jandarlara uçýan geçiler diýip at beripdirler.Afrikanyň beýleki sebitlerinde beýle ýagdaýa duş gelinmeýär. Çopanlar sebitde gurakçylyk bolup, ekin bitmeýändigi sebäpli, geçileriň iýmit gözläp agaja çykandyklaryny aýdýarlar.

Agaja dyrmaşýan geçileri synlaýan syýahatçylar käte howsala düşýärler.Sebäbi geçileriň ýokardaky hereketleri käwagt şowsuz bolup, büdräp ýa-da ýykylyp bilýärler.Janly-jandarlar bilen gyzyklanýan hünärmenleriň bellemeklerine görä, Marokkoda ýaşaýan geçiler guraklyk hem-de ot ýetmezçiligi sebäpli agaja dyrmaşmagy öwrenipdirler.

Agaja dyrmaşmak bu jandarlaryň tebigy häsiýeti bolup, argan agajynyň köpelmeginde uly ähmiýeti bardyr.Sebäbi geçiler bu agajyň miwesini iýip, şänigini dürli ýere dargadýarlar.Bu bolsa tokaýyň giňemegine mümkinçilik berýär.

Diňe günorta-günbatar Marokkoda ösýän, gyrymsy agajyň bir görnüşi bolan arganyň tikenli baldagy, ownujak ýapragy we içi maňyzly miwesi bolýar. Ajy tagamly zeýtuna meňzeş bu miweden sykylyp, ýag alynýar. Argan ýagy marokkolylar üçin elýetmez iýmitleriň biridir.

Dag geçisi. Italiýanyň demirgazygynda alpinist geçiler ýaşaýar.Antrona jülgesindäki seýilgähde ýaşaýan dag tekesi (Alp ibex) dik gaýalara we jülgedäki Çingino bendine dyrmaşyp, duz ýalaýar.Geçiniň bu görnüşi birnäçe sekuntlap göni diwarda saklanyp bilýär. Ýagyşdyr garyň ýagmagy bilen gaýada toplanan duz gatlagy dag geçileri üçin ýokumly hasaplanýar.

Italiýanyň demirgazygynda alpinist geçileriň bardygy barada ilkinji gezek aýdylanda muňa ynanmaýarlar.Soňra 160 metr beýiklige dyrmaşyp ýören dag tekeleriniň surata düşürilmegi bilen köpçülige mälim edilýär. Öri meýdanlarda otlap ýören geçiler mineral duz ýetmezçiliginden ejir çekýärler.

Dag tekeleri duz ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin gaýalara dyrmaşýarlar.Bilermenler geçiniň bu görnüşiniň şeýle howply ýagdaýlardan nädip baş alyp çykýandygyny öwrendiler.Alp ibex-iň toýnagy beýleki goşa toýnaklylaryň dabanyndan giň bolup, dik gaýalara mäkäm ýapyşmaga kömek edýär.

Toýnaklar agyrlyk güýji bilen basyş edilende saklaýjy bolup hyzmat edýän ýumşak rezine öwrülýär.Alp ibex Alp daglarynda ýaşaýan ýabany geçiniň bir görnüşi bolup, yza egrelýän şahy hem-de goňrumtyl-çal reňki bilen tapawutlanýar.

Bu geçiler Alp daglarynyň dik gaýalarynda otlap, 5 müň metr belentlikde ýaşap bilýärler.

Ýene degişli makalalar

Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
KITAPHANA SYNY
Marokkoda Ysraýyla Garşy Ýöriş Geçirildi
Baýden Keniýany “NATO Agza Bolmadyk Esasy Hyzmatdaş” Hökmünde Yglan Etdi
Mundan 300 müň ýyl öň ýaşan adamyň keşbi dikeldildi
Kosatkalaryň nämüçin gämilere hüjüm edýändikleriniň sebäbi anyklandy