Bag ekişlige gatnaşan talyplar: Hajathana zerurlyklarymyzy açyk meýdanda berjaý etmeli bolduk

Bag ekişlige gatnaşan talyplar: Hajathana zerurlyklarymyzy açyk meýdanda berjaý etmeli bolduk

22-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümi geçirildi. Bu çärä döwlet emeldarlary bilen bir hatarda, býujet işgärleriniň we talyp ýaşlarynyň müňlerçesi mejbury gatnaşdyryldy.

Ahal welaýatynyň merkezi şäheri Arkadagdaky çärä gatnaşan talyplar 12 sagatlap çöreksiz, suwsuz saklanandyklaryny, hajathana zerurlyklaryny açyk meýdanda berjaý etmeli bolandyklaryny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 24-nji martda paýtagtdan maglumat berdiler.

“Ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) talyplary daňdan sagat 4-de institutlarynyň we uniwersitetleriniň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde düzüldiler. Soňra olary sargalan awtobuslara mündürip, Arkadag şäheriniň daş-töwereginde bag ekilmeli ýerlere eltdiler. Olar irden sagat 5-de elleri pilli, bedreli we sübseli taýyn derejesinde hatara düzüldiler” diýip, paýtagtly talyp anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Şondan soňra talyplar, ýokary derejeli guramaçylaryň görkezmesi boýunça bag ekmek çäresine girişdiler. Her bir talyba pürli bag nahallarynyň 25 sanysyny ekmeklik buýruldy. Gyzlaryň köpüsi baglaryň aşagyny, köçeleri arassalamak işlerine çekildi.

12 sagatlap suwsuz, çöreksiz“Ýöne bag ekişine gatnaşan talyplara tiz ekip, yzyna gaýdyp bolmaýanlygy duýduryldy. Ýagny hemmeler bir wagtda başlap, bir wagtda hem gutarmaly diýdiler. Ýokardan ýowaryň gutaranlygy barada görkezme berilmezden, talyplara bölünip berlen ýeri terk etmeklik gadagan edildi” diýip, Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan ýene bir talyp anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Munuň netijesinde, talyplar öýlän sagat 4-de awtobuslar gelýänçä, bag nahallaryny ekmeli boldular. Bilim işgärleri talyplary, gelen wagtynda bolşy ýaly, gaýdanda hem sanaw boýunça awtobuslara müdirdiler.

“Daňdan 4-de awtobuslara mündürilip getirilen we öýlän sagat 4-de ýene awtobuslara mündürilip äkidilen talyplara 12 sagadyň dowamynda suw, çörek berilmedi. Olar ýanlary bilen getiren plastik gaplardaky suwlary gutaransoň, suwsuz has-da kösendiler. Olaryň agyzlary kepäp, dodaklary gurady” diýip, aşgabatly talyp aýtdy.

Talyplaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, olar hajathana zerurlyklaryny açyk meýdanda berjaý etmeli boldular.

"Oglanlardan we gyzlardan halka düzüp"“Oglan we gyz talyplar oglanlardan we gyzlardan aýlaw, halka düzüp, açyk meýdanda tebigy hajatlaryny berjaý etdiler” diýip, talyp belledi.

Bu ýagdaýlar talyplaryň, hususan-da, birinji kurslarda okaýan oglanlaryň we gyzlaryň köpüsiniň arasynda uly nägilelik döretdi. Olar welaýatlardan paýtagta gelip, okap, bilim almagyň deregine, özleriniň “çäreden çärä kowlup, halys edilýändiklerini” aýtdylar.

“Döwlet emeldarlary bizi içerki syýasat maksatlarynda ulanyp, bilimden mahrum edýärler diýip, talyplar öz aralarynda aýdyşýarlar” diýip, talyp belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada ýurduň Bilim ministrligi bilen habarlaşyp, telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresi ýylda iki gezek baharda we güýzde geçirilýär. Häkimiýetler bu çäräniň dowamynda ýylda millionlarça düýp bag nahalynyň ekilýändigini aýdýarlar.

630 müňden gowrak bag nahalyŞu ýyl bu çäräniň ýazky tapgyrynyň dowamynda tutuş ýurt boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi.

Resmi medianyň maglumatyna görä, seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 260 müň 836 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Bag ekişligiň paýtagt Aşgabadyň eteginde geçirilen dabarasyna prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmen hökümeti we mediasy bag ekişligi daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäre hökmünde mahabatlandyrýar. Ýöne olar nahallaryň idegsizlikden gurap galmagy we olaryň talyplaryň, býujet işgärleriniň hasabyna satyn alynmagy barada hiç zat aýtmaýarlar.

Şeýle-de, häkimiýetler we metbugat talyplaryň, býujet işgärleriniň bag ekişlige mejbury gatnaşdyrylmagy we olaryň çäräniň dowamynda ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýlary barada hem mesele gozgamaýar.

Şu ýyl Mary welaýatynyň häkimiýetleri sebitde gyş paslynyň dowam edýändigine garamazdan, bag ekişlik dabaralaryny 1-nji fewralda geçirdiler. Döwlet telewideniýesine öňünden reportažlary taýýarlamak üçin geçirilen bu çärä hem talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary we býujet işgärleri mejbury gatnaşdyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen resmisi dowamly yzarlamalardan soň merhum bolan žurnalist Allaşowy “arakhor” atlandyrdy
Türkmenistanly talyplar 31-nji halkara matematika bäsleşiginde dürli derejedäki medallara mynasyp boldular
Türkmen talyplarynyň halkara üstünligi
Diňle: Bag ekişlige gatnaşan talyplar: Hajathana zerurlyklarymyzy açyk meýdanda berjaý etmeli bolduk
Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
Polisiýa gijeki klublarda talyp ýaşlara we ýokary synp mekdep okuwçylaryna garşy reýd geçirýär