Bäsleşige ukyply panbarhat matalar

Türkmenistanda öndürilýän çig mallara esaslanýan, importuň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ýörelgeleriniň biri hasaplanylýar.Bu ýörelgeden ugur alyp işleýän Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki panbarhat fabrigi hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen 2008-nji ýylyň oktýabr aýynda işe girizildi we häzirki wagtda panbarhat matalarynyň 40-dan gowrak görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy.

Bu matalary dokamak üçin zerur bolan çig malyň hili ýüpekçiligiň ösen derejesi bilen häsiýetlendirilýär.Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 11-nji ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek baradaky Karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda 2030 tonna ýüpek pilesini öndürmeklik göz öňünde tutulýar.Munuň özi ýüpekden dokalýan, iki ýüzli el halylaryň, ketenileriň, ýaglyklaryň, panbarhat matalarynyň önümçiliklerini ösdürmäge, kämilleşdirmäge giň ýol açýar.Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, biz talyp ýaşlar hem, tejribe sapaklarymyzda dokma senagatynyň ýörgünli önümleriniň biri bolan ýüpek panbarhat matalarynyň isleg ödeýiş häsiýetlerini institutymyzyň barlaghanalarynda öwrenýäris.

Sebäbi panbarhatlaryň bazarda bäsdeşlige ukyplylygy olary häsiýetlendirýän ýokary hil, özüne çekijilik, bahasynyň elýeterliligi, ulanmagyň amatlylygy we az harajatlylygy ýaly görkezijiler bilen kesgitlenýär.Bu görkezijileriň ýokary tehniki mümkinçilikli enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Aşgabadyň panbarhat fabriginde döredilýändigine, ýakynda fabrikde tanyşlyk tejribeligini geçenimizde göz ýetirdik.

Fabrikde ýerine ýetirilýän tehnologik hadysalar ýüpek süýümlerini gaýtadan işlemek bilen tow berlen dokma sapaklaryny taýýarlamak, aralygyndan geçýän sapaklar arkaly birleşdirilen iki gat matany dokamak we gatlary deň aralykda kesmek bilen sütükleri döretmek, taýýar matanyň bezegini häsiýetlendirýän boýag, gül, şekil beriji işleriň yzygiderliligini öz içine alýar.

Panbarhatyň ýokary hilliligi, üzülme güýje çydamlylygy we daşky gornüşiniň kemçilikleri, täsirlere durnuklylygy bilen häsiýetlendirilýär hem-de enjamlary we etalon nusgalary ulanmak arkaly kesgitlenilýär.Panbarhat matalary häsiýetlendirýän esasy görkezijiler TDS 715-2011 belgili “Ýüpek panbarhat matalary” standartda beýan edilýär.Türkmen zenanlarynyň owadanlygyny ýokary derejelere galdyrýan, toýlarymyzyň we dabaralaryň bezegi bolan, nepisligi bilen tapawutlanýan, bäsdeşlige ukyply panbarhat matalarynyň önümçiligini ata Watanymyzda döredendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygymyzy bildirýäris we janynyň sag, ömrüniň uzak, “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Ogulbagt Begmyradowa,Türkmen döwlet ykdysadyýet wedolandyryş institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Bäşim Nuralynyň uçgunlary Bagtyýar ýaşlar
Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimini wezipesinden boşatdy
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany