Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy

Şu gün – 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy geçirilýär.

Maslahatyň dowamyndaky mejlislerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, Aral deňziniň basseýnindäki suw hyzmatdaşlygy baradaky karary esasynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy göreşde hyzmatdaşlygyň, Merkezi Aziýa sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy boýunça howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Çärä gatnaşyjylar bilen öz bilimlerini paýlaşmak üçin çagyrylan hünärmenleriň arasynda Merkezi Aziýa boýunça BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy hanym Natalýa German, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygynyň orunbasary Filipp Saprykin, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şol institutyň rektorynyň orunbasary Gülşat Ýusupowa we başga-da sebit ýurtlaryndan gelen köp sanly hünärmenler gatnaşýar.

Bu çäre pikir we çözgüt alyşmak we üstünlikli iş alyp barmak maksady bilen uzak möhletli halkara gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Bilim ministrligine emeli aňly bilim taslamasy tanyşdyryldy
250-den gowrak adam Aşgabatda geçirilen Ýeňiş diktanty çäresine gatnaşdy, Daşoguz welaýatynda geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda ýaryşyldy we beýleki habarlar
Türkmenistan we Ýaponiýa bilen ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär