Bäsdeşlerinden ozdy

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Xiaomi mart aýynda önümçiligine başlanan SU7 elektroulagyndan 75 müňden gowragyny müşderilere ýetiripdir.Aýyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 100 müňe ýetmegine garaşylýar.Smartfon we ululy-kiçili elektron enjamlaryny öndürmegi bilen tanalýan kompaniýa öz ulagyny bu ugurda dünýäniň öňdebaryjysy Tesla-nyň Model 3-inden 4 müň dollar ýaly arzan bahadan satuwa çykardy.

Bu bolsa bäsdeşligi has-da artdyrdy.Kompaniýa geljek ýylyň mart aýynda has ýokary amatlyklary bolan SU7 Ultra modelini hem satuwa taýýar eder.Bu ulagdan eýýäm 3 müň 600-den gowragy sargyt edilipdir.

Onuň umumy bahasy 114 müň 300 dollara barabar bolup, sargyt etmek üçin 1 müň 400 dollar tölemeli.Bilermenler kompaniýanyň geljek ýyl 250 müň ulag satjakdygyny çaklaýarlar.Hytaýyň Xpeng we Nio kompaniýalary ilkinji elektroulagyndan 100 müňünjisini alty ýylda, Tesla bolsa has köp 12 ýylda satypdy.

Xiaomi bolsa bu sepgide 9 aýda ýetmegi maksat edinýär.Eziz NURMYRADOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_672f510f5c561_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672f510f5c561_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Xiaomi ilkinji elektrik ulagy bilen tanyşdyrdy
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Iň geçginli elektroulag
Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy
Tesla-nyň bazary ösýär
Ilkinji “iPhone” rekord bahadan satyldy