Awtoulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy Volvo 2030-njy ýyldan başlap nebit ýangyçly ulaglaryň önümçiligini dolulygyna ýatyrmak kararyna geldi. Şwed kompaniýasynyň öndürýän ulaglarynyň 50 göterimi 2025-nji ýyldan başlap elektrik energiýasy bilen işlär. Ýapon, nemes we amerikan kompaniýalary adaty ýangyçly ulag önümçiligini 2035-nji ýylda ýatyrmagy maksat edinýärler.
Volvo-nyň ýolbaşçysy Hakan Samuelson nebit ýangyçly ulaglaryň müşderisiniň boljakdygyna ynanmaýandygyny, müşderileriň elektroulaglar bilen has köp gyzyklanýandygyny belledi.Hytaýyň Geely Grup kompaniýasynyň eýeçilik edýän Volvo brendi elektroulag modelleriniň sanyny artdyrmagy hem göz öňünde tutýar.
Önümçilik babatda elektroulaglara geçiş dünýä ýurtlarynda hem artýar.Golaýda ABŞ-nyň Ford kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli Ýewropa üçin niýetlenen ulaglarynyň ählisiniň elektrik energiýasy bilen işlejekdigini mälim etdi.
Jaguar Land Rover 2025-nji ýyla çenli ähli Jaguar kysymly ulaglarynyň, 2030-njy ýyla çenli bolsa beýleki modelleriniň elektrik energiýaly boljakdygyny mälim edipdi.Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasynyň eýeçiligindäki Bentley brendi hem şeýle maksada 2030-njy ýylda ýetmegi göz öňünde tutýar.
Söýünmyrat REJEPGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
The post Bäsdeşlerinden ozdurar appeared first on Zaman Türkmenistan.