Bäş sany nemes hünärmeni Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Bäş sany nemes hünärmeni Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandy üçin birnäçe daşary ýurt raýatlaryna ýörite sylaglar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, 10-njy oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bäş sany nemes hünärmenine Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary gowşuryldy. Şeýle-de olar döwlet Baştutanynyň ýene bir degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Arkadag medaly bilen hem sylaglandy.

Sylaglanan daşary ýurt raýatlary şulardan ybarat: Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner, kardiohirurg lukmany Dr.Meisner Johann Engelbert;

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlindäki Steinbeis uniwersitetiniň professory, Lýudwigshafen şäherindäki Prof.Dr.Dhom & Kollegen hususy kärhanasynyň stomatolog lukmany Dr.Dhom Günter Jakob;

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitet klinikasynyň ortopediýa, fizioterapiýa we reabilitasiýa klinikasynyň hirurg-ortoped lukmany Dr.Jansson Wolkmar;

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Oberursel şäherindäki Hirurgiýa, onkologiýa we estetiki dermatologiýa ýöriteleşdirilen klinikasynyň dermatolog lukmany Dr.Haussermann-Mangold Liesl Doris;

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy wisseral hirurgiýa klinikasynyň hirurg lukmany Dr.Spelsberg Fritz Wilhelm Wolfgang.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiriniň habar berşi ýaly, bu baýraklar halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini we hünärmenleriň halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmekdäki aýratyn goşandyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Emeli aňa Wawilon ýazgylaryny okamagy öwretdiler
20.07.2019 | Türkmen we dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň Aşgabat sergisi
Täze bäş görnüşi tapyldy
Türkmen-german hyzmatdaşlygy: saglygy goraýşa innowasiýalar ornaşdyrylýar
Türkmen we dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň Aşgabat sergisi
18.09.2018 | Türkmen-german hyzmatdaşlygy: saglygy goraýşa innowasiýalar ornaşdyrylýar