Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda bäsleşmegini dowam edýär.
Biziň türgenlerimiziň şowly çykyşlary we nobatdaky medallary bilen guwandyrdy.Guşakly göreş, taýboksy, bilýard, ýeňil atletika, kuraş göreşi boýunça ýaryşlardaky çykyşlar biziň türgenlerimize hormat münberine çykmaga ýardam etdi. Ýaryşlaryň bäşinji güni “Aşgabat 2017” oýunlary ýygyndy toparymyzyň medallarynyň üsti 38 medallar, şol sanda 10 sany altyn medal bilen ýetirildi.
Türkmenistan her täze ýeňşi bilen medallaryň sany boýunça öňdebaryjylygyny berkidýär. Ähli oýun günleriniň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda 127 medal: 53 altyn, 37 kümüş, 37 bürünç medallar toplandy.
Guşakly göreş boýunça bäsleşikler nusgawy görnüşde dowam etdi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde ýokary netijeleri gazanmagy dowam etdiler. Ýaryşlaryň final tapgyrlaryna türkmen pälwanlarynyň 14-si çykyp, şeýle duşuşyklaryň ikisinde diňe biziň watandaşlarymyz çykyş etdiler.
Netijede, guşakly göreşiň nusgawy görnüşinde türkmen ýygyndy toparynda altyn medallara 100 kilograma çenli agram derejesinde Seýdi Batyrow, Medet Hallygurbanow (60 kg), Agamyrat Orazsähedow (65 kg) mynasyp boldular.
Zenanlaryň arasynda hormatly münberiň birinji basgançagyna Maksuda Egemberdiýewa (70 kg-dan ýokary), Laçyn Badaglyýewa (50 kg), Zarina Abdyrahmanowa (55 kg), Zuhra Madraýimowa (60 kg), Gülnar Haýytbaýewa (65 kg), Nasiba Surkiýewa (70 kg) çykmagy başardylar.
Ahal Ballarow (100 kg-dan ýokary), Sapa Jumaýew (55 kg), Rüstemgeldi Agageldiýew (65 kg), Hangeldi Allakow (70 kg), zenanlaryň arasynda Jahan Muhammedowa (70 kg-dan ýokary) kümüş medallaryna eýe boldular.
Guşakly göreşiň nusgawy görnüşinde bürünç medallary Myrathan Azadow (55 kg), Agajan Täçmuhammedow (60 kg), Orazmyrat Orazmyradow (70 kg), şeýle hem Gülfiýa Jumaýewa (55 kg), Roza Taşpulatowa (60 kg), Dinara Hallyýewa (65 kg) gazandylar.
Kuraş göreşi boýunça ýaryşlar badalga aldy, onda türkmen ýygyndy topary ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýär. Şu gün agram derejeleriniň birnäçesinde medallar ugrunda bäsleşildi.Kümüş medallara türkmen pälwany Erkin Omurzakow (60 kg), zenanlaryň arasynda Anna Dmitriýewa (87 kg-dan ýokary) we Şirin Kubaýewa (87 kg) mynasyp boldular.
Bürünç medallar bolsa Şöhrat Hallyýewiň (60 kg) we Leýla Aliýewanyň (87 kg-dan ýokary) hasabynda.
Taýboksynda ýarym finalyň ýaryşlary geçirildi.Olaryň ýeňijileri ertir altyn medal ugrunda bäsleşigi dowam ederler.Olar — türkmen boksçulary Mustafa Saparmyradow (67 kg), Ýaňyl Kawisowa (54 kg), Jennet Aýnazarowa (57 kg) bolup, Rüstem Baýramdurdyýew (57 kg), Adylbek Nurmetow (60 kg), Nurgeldi Ataýew (63,5 kg), Ýusup Bäşimow (75 kg), Döwletmyrat Güýjow (81 kg), şeýle hem Selbi Jumaýewa (51 kg), Gülşat Gylyjewa (57 kg), Enejan Welmyradowa (60 kg) bürünç medallara mynasyp boldular.
Ilkinji medallar ugrunda bilýard ussatlarynyň arasynda hem ýaryşlar geçirildi.Sportuň erkin görnüşinde biziň türgenlerimiz bir altyn we iki bürünç medallary gazanyp, hormat münberiniň ähli basgançaklaryny diýen ýaly eýelediler.
Altyn medal ugrunda geçirilen ýaryşda Ibabekir Bekdurdyýew Gazagystanyň wekili Ernar Çimbaýewi 5:1 hasaby bilen ynamly ýeňmegi başardy.Bürünç medala türkmenistanlylar — Begenç Aýdogdyýew we Annamämmet Annamämmedow mynasyp boldular. Öňde bize sportuň şu görnüşinde beýleki ugurlary boýunça ýaryşlar garaşýar.
Ýeňil atletika boýunça ýaryşlar tamamlandy. Şu gün türkmen topary4 müň 400 metr aralykda zenanlaryň arasynda ylgamak boýunça medallar ugrunda bäsleşiklerde bürünç medala eýe boldy. Şeýle hem ýokarlygyna bökmek, 7 görnüşli ýaryş, ýadrony zyňmak, 1500, 800 we 400 metr aralyklara ýaryşmak geçirildi.
Ştangaçylaryň çykyşlary dowam edýär. 69 kg agram derejesinde ştangaçylaryň ýaryşynda biziň pälwanymyz Tolkunbek Hudaýbergenow hormat münberine çykmak üçin ştangany silkip galdyrmakda görkezen netijesi iki kilogram az boldy. 58 kg agram derejesinde türkmen türgeni Bägül Berdiýewa ýedinji orny, Nilufar Jumabaýewa bolsa onunjy orny eýelediler.
Tennisçi jübütleriň ilkinji aýlawynyň ýaryşlarynda türkmen türgenleriAnastasiýa Prenko we Isa Mämmetgulyýew 6:0, 6:1 hasaby bilen Tuwaludan gelen Gewin Ýakopy we Saýntli Molotini ynamly ýeňdiler.
Şugün ikinji aýlawyň ýaryşlarynda biziň tennisçimiz Isa Mämmetgulyýewiň bäsdeşi Gonkongdan Wong Hon Kit, Jahan Baýramowanyň bäsdeşi bolsa Indoneziýadan gelen Beatris Gumulýa bolarlar.
Futzal boýunça ýaryşlar hem dowam etdi. Şunda Türkmenistanyň ýygyndy zenanlar topary medallar ugrunda bäsleşigi tamamlady. Olar soňky ýaryşda Ýaponiýanyň toparyndan “A” toparynyň öňdebaryjysyndan asgyn geldi. Ýaponiýanyň ýygyndy topary Eýrandan futzalçylar bilen, Taýlandyň topary bolsa HHR-iň ýygyndy topary bilen duşuşarlar.
Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary Hytaýyň Taýbeý şäheriniň toparyny 5:1 hasaby bilen ynamly ýeňip, 9 utuk toplap, çärek finala möhletinden öň çykmagy başardy.
“B” toparynda Owganystanyň ýygyndysy özbek futbolçularyny 4:2 hasaby bilen ýeňip, birinji orny eýeledi. Bu toparyň ikinji duşuşygynda HHR-iň topary Maldiwleriň toparyny 9:3 hasaby bilen ýeňmegi başardy.
3×3 basketbol boýunça ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndy erkekler topary ýaryşa başladylar.Birinji duşuşykda biziň basketbolçularymyz Liwanyň toparyndan 11:17 hasaby bilen ýeňildi, emma ikinji duşuşykda olar täjik basketbolçularyny 22:4 hasaby bilen utup, olara mümkinçilik goýmadylar.
Biziň toparymyz çärýek finala çykmak üçin mümkinçiligini saklap galýar.Emma munuň üçin nobatdaky duşuşykda “B” toparynyň ýeňijisi Yragyň topary bilen duşuşykda hökman ýeňiş gazanmaly.
Taekwondo boýunça 58 we 80 kilograma çenli agram derejesinde erkekleriň arasynda, 49-62 kilograma çenli zenanlaryň arasynda ýeňijileriň atlary mälim boldy. Türkmen türgenlerinden çärýek finala Ýusup Annaýew (80 kg) çykyp, Iordaniýadan bolan türgenden asgyn geldi hem-de göreşi dowam edip bilmedi.
Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)