Bäherdenli halyçylar Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendirilen portret halylary dokaýarlar

Bäherdenli halyçylar Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendirilen portret halylary dokaýarlar

Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 1 million 995 müň manatlykdan gowrak iş edildi. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 110,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, ýylyň başyndan bäri halyçylar 883 inedördül metrden gowrak haly dokamagyň hötdesinden geldiler. Olar beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendirilen nepisden owadan portret halylaryny dokamak işini yhlasly alyp barmak bilen, degişli sargytlary wagtynda, ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmäge çalyşýarlar.

Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan şanly ýylda bu halylar törleriň bezegine öwrüler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumdaky çykyşy
Halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing
6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Kitaphana işi ösdürilýär