Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasy açylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat meseleleri boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, B.Annamämmedow şeýle hem Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe hem-de bu sene mynasybetli geçiriljek möhüm çärelere, şol sanda halkara sergisine we maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bu forumda gurluşykda, senagat önümçiliginde, energetikada, himiýa senagatynda we ýol gurluşygynda gazanylan üstünlikler tanyşdyrylar.
Mundan başga-da, işewürlik gatnaşyklary berkitmek we tejribeleri alyşmak maksady bilen gurluşyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara çäreleriň we “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy.