BAE Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

BAE Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

BAE-niň Daşary işlerinden jogapkär döwlet ministri Enwer Gargaş, Türkiýe bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn ýagdaýdaky özygtyýarlylyga hormat goýmagyň çäginde kadalaşmagyny isleýändigini beýan etdi.

BAE-niň Daşary işlerinden jogapkär döwlet ministri Enwer Gargaş, merkezi BAE-de ýerleşýän "SkyNews" telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Türkiýe bilen gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi.

"Türkiýe bilen düşünişmezçiliklere ýa-da meseleleriň başdan geçirilmegine sebäp boljak hiç hili mesele ýokdyr" diýip bellän Gargaş, Türkiýeden soňky wagtlarda Ýewropa Bileleşiginde umyt döretjek beýanatlar eşidendiklerini habar berdi.

Enwer Gargaş: "Türkiýe bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn ýagdaýdaky özygtyýarlylyga hormat goýmagyň çäginde kadalaşmagyny isleýäris" diýip mälim etdi.

BAE-niň Daşary işlerinden jogapkär döwlet ministri Enwer Gargaş, 7-nji ýanwarda bolsa ýurdunyň Türkiýäniň Ýakyn Gündogardaky iň uly söwda hyzmatdaşydygyny belläpdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçisi ulanylan suwy gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän enjamy hödürledi
Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Daşary ýurt metbugatyna syn
Taliban Harby Merkeze Hüjüm Gurady
Daşoguzly ataly ogul Türkmenistanda seýrek gabat gelýän gülleri ösdürip ýetişdirýärler
Pakistan: "Türkiýe bilen gatnaşyklarymyza dünýäniň gözi gidýär" diýdi