
Birleşen Arap Emirlikleri türk ykdysadyýetine maýa goýmak üçin 10 milliard amerikan dollaryny bölüp berdi, bu barada Anadolu habarlar gullugy habar berdi.
Bu täzeligi BAE-niň Döwlet maýa goýum gaznasynyň— Abu Dhabi Development Holdingiň başlygy Muhammed Hasan as-Suweýdi Ankarada çarşenbe güni metbugat ýygnagynda resmi beýan etdi.
Öň Türkiýe Respublikasynyň Merkezi banky hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Merkezi banky birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekipdiler.
Resminamanyň gol çekişlik dabarasy Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, şeýh Muhammed bin Zaid an-Nahaýýanyň Ankara saparynyň çäklerinde boldy.