
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, BAE-niň Prezidentiniň Iş Dolandyryş ministri, Şeýh Mansur ben Zaýed Al Nahaýan BAE-niň Team Emirates atly ussat welosipedçiler toparynyň welosipedini sowgat hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýollady. Bu barada BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasy jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi.
Sport welosipedi türkmen döwletiniň Baştutanyna Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sowgat berildi ― diýip, çeşme ýazýar.
Geçen ýyl bu toparyň wekilleri okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Aşgabat şäherine gelipdiler. Olar türgenleşiklerini Olimpiýa şäherçesinde we Gökdere jülgesinde alyp barypdylar.