BAE-niň täze Prezidenti saýlandy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýokary federal geňeşi 14-nji maýda Abu-Dabiniň şazadasy şeýh Muhammet bin Zaýed Al-Nahaýýany ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlady. Bu barada milli habarlar gullugy WAM habar berdi.

Geňeş biragyzdan Abu-Dabiniň şazadasyny Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti edip saýlady. Geňeşiň mejlisine wise-prezident we Premýer-ministr, Dubaý emirliginiň hökümdary, döwlet baştutany wezipesini ýerine ýetirýän şeýh Muhammet bin Raşid Al-Maktum ýolbaşçylyk etdi.

BAE-niň Prezidenti şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan uzaga çeken agyr keselden soň 13-nji maýda 74 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Täze prezident hakda

Täze döwlet Baştutany 1961-nji ýylyň 11-nji martynda El-Aýn şäherinde dünýä indi we BAE-niň ilkinji Prezidenti we esaslandyryjysy şeýh Zaýed bin Soltan Al-Nahaýýanyň üçünji ogludyr. Ol şeýha Salama bint Hamdan Al-Nahaýýan bilen durmuş gurýar we olaryň dört ogly we bäş gyzy bar.

Uly dogany 2014-nji ýylda agyr insult geçirensoň, şeýh Muhammet bin Zaýed iş ýüzünde döwleti dolandyrýar. Ol harby howa güýçleriniň generaly derejesini alýar, ABŞ-da harby synag kurslaryny we Sandherstedäki (Beýik Britaniýa) harby akademiýany gutarýar we Müsürde tälim alýar.

BAE-de döwlet Baştutany, ýedi emirligiň emirinden ybarat bolan Ýokary federal geňeş tarapyndan bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Döwletiň esaslandyrylan gününden bäri bu wezipe Abu-Dabiniň emirine degişli bolup, miras boýunça geçýär. BAE-niň Prezidenti Ýaragly güýçleriň Belent serkerdebaşysy we Goranmak boýunça ýokary geňeşiniň başlygy bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Dubaýyň mirasdüşer şazadasy BAE-niň wise-premýeri we goranmak ministri wezipelerine bellendi
04.09.2017 | Gurban baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi daşary ýurtly ýolbaşçylar gutlaýarlar
Daşary ýurtly syýasatçylar milli Liderimiziň adyna gutlaglaryny iberýärler
14.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Abu-Dabi şäherine geldi
Berdimuhamedow BAE-ni TOPH gurluşygyna maýa ýatyrmaga çagyrdy
Türkmenistan Arap ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da berkidýär