Raşid roweri Birleşen Arap Emirlikleriniň ilkinji Aý missiýasynyň çäklerinde Aýa ugradylmak üçin ähli zerur synaglardan geçdi. Bu barada çarşenbe güni Muhammed bin Raşid (MBRSC) adyndaky Kosmiki merkez habar berdi.
"Raşidi" Aýyň üstüne Ýaponiýanyň Ispace hususy kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan, goýberilýän HAKUTO-R apparatynyň kömegi bilen eltmek meýilleşdirilýär.Kompaniýanyň maglumatyna görä, lunohody goýbermek üçin badalga penjiresi 9-15 noýabr diýip bellendi.
Ol Florida ştatyndaky Kanaweral burnunda ýerleşen badalga meýdançasyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa-göterijiniň kömegi bilen goýberiler.Bu missiýa şowly bolan ýagdaýynda BAE Aýyň üstüne rower düşürmegi üstünlikli amala aşyran (ABŞ-dan, Russiýadan we Hytaýdan soň) dördünji ýurt bolar.