BAE-niň Prezidenti täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi

BAE-niň Prezidenti täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan möçberi 30 milliard amerikan dollaryna deň bolan täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi. Ol bu barada Dubaýda geçýän Bütindünýä howa forumynda habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Gazna ählumumy howa çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin ýöriteleşer.

Düýn Dubaý şäherinde 28-nji Bütindünýä howa sammiti (COP-28) öz işine başlady, oňa 150 töweregi ýurduň wekilleri gatnaşýarlar.

Sammit iki gün dowam eder. Onda ekologiýa, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, ýaşyl energiýa, has pes ösen ýurtlary howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňmekde maliýe taýdan goldamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurmakçy bolýarlar
Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi
Waşingtony çabga gark etdi
Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
Gyrgyzystanyň döwlet Baýdagyny üýtgetmek barada kanun taslamasy kabul edildi
Hindistanyň günbatarynda 20 adamy ýyldyrym urdy