Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan şu gün Aşgabat şäherine sapar bilen geldi. Onuň Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmagyna garaşylýar diýip, Emirates News Agency habar berýär.
Belläp geçsek, Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Abu Dabi emirliginiň dolandyryjy şa maşgalasynyň agzasydyr.