Dubaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministri, Dubaýyň hökümdary şeýh Muhammed bin Raşidiň gyzynyň durmuş toýy geçirildi. Ýurduň wise-prezidenti gyzy Şeýha Maranyň durmuş toýy mynasybetli Dubaýyň Halkara söwda merkeziniň “Za’beel Hall” zalynda dabaraly kabul edişlik gurady. Bu barada Arabian Business habar berýär.
Şeýha Mara – şeýh Mana ben Muhammed ben Raşid ben Mana Al Maktuma durmuşa çykdy.Ol BAE-niň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edip, BAE-däki amerikan uniwersitetini howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak ugry boýunça tamamlady.
Häzirki wagtda onuň “AlBarada Trading”, “Dubai Tech”, GCI Real Estate” we MM kompaniýalar topary ýaly köp sanly iri kompaniýalary bar. Şeýle-de şeýh haýyr-sahawat işi bilen hem meşgullanýar, atçylyk sporty we filosofiýa bilen gyzyklanýar.