Prezident R. T. Erdogan, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Şyh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogana telefon eden Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Şyh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan, Bartynda bolan magdan heläkçiliginde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.
Erdogan bilen Al Nahaýan telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.
Iki lider iki ýurduň arasynda söwda, enrgetika, tehanlogiýa we goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.