BAE-de zenanlardan düzülen ilkinji simfoniki orkestr döredildi

BAE-de zenanlardan düzülen ilkinji simfoniki orkestr döredildi

Birleşen Arap Emirliklerinde ilkinji zenanlar simfoniki orkestri peýda boldy, oňa kompozitor Alla Rakha Rahman (A.R.Rahman)— Firdaus ýolbaşçylyk edýär diýip, Emirligiň The National gazetine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Surat: www.thenationalnews.com

Toparyň Hindistandan bolan çeperçilik ýolbaşçysy Oskar kinobaýragynyň eýesidir. Onuň Külbeden çykan millioner atly filme ýazan sazy iň oňat saz diýlip yglan edildi. Rahmanyň aýtmagyna görä, dünýäniň 20 ýurdundan bolan zenan sazandalaryň 50-siniň maksady adamlary ruhlandyrmakdan hem-de tomaşaçylara söýgi we şatlyk paýlamakdan ybaratdyr.

Surat: www.thenationalnews.com

Simfoniki toparyň ilkinji konserti 22-nji dekabrda onlaýn görnüşde bolar. Konsertde meşhur Ýakyn Gündogar mukamlaryny, balladalaryny we kompozisiýalaryny ýerine ýetirmek maksat edinilýär.

BAE-niň Prezidenti Muhammad ben Zaýed Al Nahaýýan öň birnäçe gezek jemgyýetiň ähli ugurlarynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak barada çykyş edipdi.

Ýene degişli makalalar

Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi