BAE-de yzyly-yzyna partlamalar boldy

BAE-de yzyly-yzyna partlamalar boldy

BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäherinde ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümlerde 3 adam ýogaldy.

Polisiýa gullugy hüjümlerde şeýle hem 6 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

BAE-niň resmi WAM habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Abu-Dabi şäherindäki Musaffah etrapçasyna ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen bilen hüjümler guraldy.

Hüjümleriň netijesinde 3 ýangyç tankeriniň partlandygy aýan edildi.

Partlamadan soň BAE-niň milli nebit kärhanasy ADNOC-da we Abu-Dabi halkara howa menziliniň golaýynda ýangynyň ýüze çykandygy mälim edildi.

Hüjümleriň uly göwrümli zyýana sebäp bolmandygy bellenip, ýogalanlaryň we ýaralanan adamlaryň anyk sany barada bolsa maglumat berilmedi.

Beýleki tarapdan Husileriň harby metbugat sekretary Ýahýa Seri, Husilere degişli El-Mesire telewideniýesine beren beýanatynda, BAE-e garşy guralan hüjümler barada öňümizdäki sagatlarda beýanat berjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Husiler Amerikan Harby Gämilerine Hüjüm Gurady
Nigeriýada geçirilen operasiýada 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
BEG BALASY SADRANÇ OÝNAR NARD BILEN
YHG AGZA DÖWLETLERIŇ IŞEWÜRLER MASLAHATY
Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi
YHG AGZA DÖWLETLERIŇ IŞEWÜRLER MASLAHATY
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny