2020-nji ýyldan bäri Dubaýda Kaşrut marketde işlän rawwin Zwi Kogany öldürmekde günäkärlenýän Özbegistanyň 3 raýatynyň Türkiyä gaçandyklary anyklanmagyndan soň, BAE-nyň hökümedi Türkiyeden kömek sorady.
Şonuň bilen baglylykda Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy günäkärlenýänleriň tussag edilmegi üçin işe girişdi.
Gümän edilýänler Stambula gonanyndan soň münen taksi ulaglary, ýola gözegçilik üçin saklanyp, polisiýa tarapyndan şahsyýetleri gözegçilik edildiler.
BAE tarapyndan gözlenýän 3 adam taksi ulagynda saklandylar.
Güman edilýänler A.T.(28), M. A. (28) we A. K. (33) BAE-e ekstradisiýa edildi.