Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Geňeşi maýa goýum ministrligini döretmek kararyna geldi. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed bin Raşid Al-Maktum habar berdi.
-Şu gün men Abu-Dabidäki Prezident köşgünde Ministrler Geňeşiniň mejlisine başlyklyk etdim, onuň barşynda birnäçe möhüm kararlar kabul edildi. Mejlisde döwletiň Prezidenti şeýh Muhammet ben Zaýed Al Nahaýýanyň ýolbaşçylygynda federal hökümetiň düzüminde maýa goýum ministrliginiň döredilýändigi yglan edilip, maýa goýum ministri wezipesine Muhammet Hasan as-Suwaýdi bellenildi – diýip, şeýh Muhammed bin Raşid Al-Maktum “Twitter”-de ýazdy.
-Täze ministrligiň esasy maksady BAE-niň maýa goýum maksatnamasyny ösdürmekden, ýurtdaky maýa goýum ýagdaýyny höweslendirmekden we kanunçylygyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelik bilen, BAE-niň dünýäde öňdebaryjy maýa goýum merkezi we dünýäniň maýa goýum bazarynda esasy orny eýelemäge çalyşýar diýip, şeýh Muhammed bin Raşid Al-Maktum aýtdy.