BAE-de biziň eýýamymyzyň VI asyryna degişli şäher tapyldy

BAE-de biziň eýýamymyzyň VI asyryna degişli şäher tapyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Umm-el-Kuweýn şäheriniň etrabynda gazuw-agtaryş işleri wagtynda biziň eýýamymyzyň VI asyry bilen senelenýän şäheriň harabalygy tapyldy. Arheologlaryň pikiriçe, ol ýitirilen Tuam şäheriniň harabalyklary bolmaly diýip, MIR 24 ýazýar.

Taryhy çeşmelere görä, şäher Meksika aýlagynyň kenarýakasyndaky gadymy döwletiň paýtagty bolupdyr.

VI asyrda Tuam şäheri gülläp ösüpdir. Ol barada hatda arap golýazmalarynda-da ýatlanýar. Emma şäheri mergi keseli basyp, ol pese gaçypdyr.

Gazuw-agtaryşlar netijesinde bu ýerde uly ýaşaýyş öýleriniň üstünden baryldy. Alymlar bu ýerde ilatyň gür ýaşandygyny we gülläp ösýän şäher gurşawynyň bolandygyny çaklaýarlar.

Bu Emirliklerde Pars aýlagynyň kenarynda tapylan iň iri taryhy ilatly ýerdir.

Bu ýerden tapylan meý saklanýan küýzeler, balyk galyndylary şäheriň beýleki döwletler bilen ýygjam söwdany alyp barandygyny subut edýär. Döwlet Yrak, Hindistan we Persiýa bilen işjeň söwda edipdir diýip, Arkeonews neşiri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini resmi sapar bilen Özbegistana çagyrdy
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny Özbegistana sapar bilen çagyrdy
Dünýäde iň uly buzdagy ýene aýak çekdi
Alymlar Marsdaky uly kölüň fotosuraty bilen tanyşdyrdylar