BAE, Çili we Belgiýa ilatyna sanjym etmekde öňdebaryjy ýurtlar

BAE, Çili we Belgiýa ilatyna sanjym etmekde öňdebaryjy ýurtlar

Bloomberg agentliginiň analitikleri ilatynyň köp bölegine sanjym edilen ýurtlary atlandyrdylar. Öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna Birleşen Arap Emirlikleri (65,1 göterimine sanjym edilen), Çili (64,5 göterim), Belgiýa (60,6 göterim), Ysraýyl (59,5 göterim), Ispaniýa (59 göterim) girdi. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Umuman alanyňda, agentligiň hasaplamalaryna görä, “global sanjym” döwründe 180 ýurtda 4,27 milliarddan gowrak doza sanjym edildi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus eýýäm iki sanjym alan ilatly ýurtlary rewaksinasiýany togtadyp, koronawirusa garşy serişdeleri garyp ýurtlar bilen paýlaşmaga çagyrdy.

Gaýtadan sanjym işiniň eýýäm başlandygyny habar beren Ysraýyl, Fransiýa, Germaniýa, Ýakyn Gündogar we Russiýa ýaly ýurtlary BSGG-niň ýolbaşçysy “güýçlendiriji” serişdeleri ilatynyň 10-dan az göterimi sanjym alan ýurtlara ibermäge çagyrdy. Olaryň hataryna Uganda (0,1 göterimden az), Çad Respublikasy (0,1 göterim), Merkezi Afrika Respublikasy (0,2 göterim) we Mawritaniýa (0,2 göterim) degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär
Afrikanyň 345 milliondan gowrak ýaşaýjysy azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär
Parižde Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara maslahat geçirildi
Haýsy ýurt tutýan meýdanynyň giňdigine garamazdan, iň az ilatly hasaplanýar
Fuat Oktaý Mawritaniýanyň Prezidentini Türkiýä çagyrdy
Türkiýäniň Nar eksporty 2020-nji ýylda rekord derejä ýetdi
Dünýä täsinlikleri