BAE çabgalaryň zyýanyny aradan aýyrmak üçin 544 million dollar sarp etmekçi

BAE çabgalaryň zyýanyny aradan aýyrmak üçin 544 million dollar sarp etmekçi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti ýurtda bolan güýçli çabgalaryň ýaşaýyş öýlerine ýetiren ýitgisini aradan aýyrmak üçin 544,6 million dollar (2 milliard dirhem) bölüp bermegi goldady. Bu barada ýerli habar beriş serişdeleri ýurduň Hökümet başlygy Dubaýyň emiri Muhammed ibn Raşid al-Maktumyň beýanatyna salgylanyp habar berdi.

16-njy aprelde BAE-de soňky 75 ýylda iň güýçli çabga ýagdy, aýratyn hem Dubaý ýitgi çekdi. Güýçli ygaldan soň esasy awtoýollar, Dubaýyň howa menziliniň uçuş-gonag zolagy ejir çekdi. Takmynan 2 müňe golaý gatnaw ýatyryldy.

Bu barada Interfax.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Dubaýyň mirasdüşer şazadasy BAE-niň wise-premýeri we goranmak ministri wezipelerine bellendi
Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Dragon Oiliň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlaryny iberdiler
29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Filippinlerdäki sil apatynda 14 adam ýogaldy
Bahreýne bir günde ygalyň ýyllyk möçberi düşdi