BAE Afrikada arassa energiýany ösdürmek üçin 4,5 milliard dollar bölüp bermekçi

BAE Afrikada arassa energiýany ösdürmek üçin 4,5 milliard dollar bölüp bermekçi

Birleşen Arap Emirlikleri Afrika ýurtlaryna arassa energiýa pudagyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin 4,5 milliard dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär diýip, ýurduň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri hem-de COP 28 -iň başlygy Sultan ben Ahmed al-Jaber Naýrobide geçen Afrikanyň howa sammitinde habar berdi. Bu barada Report.az neşiri ýazýar.

Ministriň sözlerine görä, taslamalar Abu-Dabini ösdürmek gaznasynyň, Etihad Credit Insurance eksport-karzlaşdyryş wekilhanasynyň, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýanyň dünýä bazarynda iň çalt ösýän Masdar we AMEA Power kompaniýalaryň hasabyna maliýeleşdiriler.

Al-Jaber öz ýurdunyň Afrika yklymynda ekologiýa taýdan arassa energiýa üçin maýa goýumlaryň işewürlik babatda maksadalaýyklygyny iş ýüzünde subut etmekçi bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

Keniýada bent ýykylyp, 42 adam pida boldy
11.09.2017 | Bosgunlaryň ýygyndy toparyna dünýä rekordsmeni ýolbaşçylyk eder
14.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynda türgenleriň bäşisi Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tugy astynda çykyş eder
Bosgunlar topary minnetdarlyk bildirýär
Türkmenistan intellektual eýeçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrýar