Spotify striming hyzmaty ýylyň iň meşhur aýdymçylarynyň statistikasyny paýlaşdy. Sanawyň başyny rep aýdymçysy Bad Bunny çekýär. Bu barada NME salgylanyp, regnum.ru habar berdi.
Statistikada 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 27-nji noýabry aralygyndaky döwür göz öňünde tutuldy.Netijede, Puerto Rikodan bolan aýdymçynyň aýdymlary 2020-nji ýyldaky 8,3 milliard gezekden artyp, jemi 9,1 milliard gezek diňlendi.
Iň gowularyň sanawynda ondan soň Teýlor Swift, Dreýk, Jastin Biber we BTS hem bar.Bütin dünýäde tanalýandygyna garamazdan, Bad Bunny Angliýada gaty bir meşhur däl.Iň köp diňlenýänleriň arasynda Angliýada 1-nji ýeri Drake eýeledi.
Şeýle-de bolsa, platformanyň iň meşhur aýdymyny ("Drivers License", 1,1 milliard gezek diňlendi) we albomyny ("Sour") Oliwiýa Rodrigo öz adyna ýazdyrdy Onuň "Good 4 U" aýdymy 2021-nji ýylda Angliýanyň iň gowy aýdymy boldy.