Türkmenistanyň halk nakgaşy Babasary Annamyradow bilen onuň aýaly—tanymal sungat öwreniji Abat Muhadowa Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda maşgalasynyň ençeme ýyllaryň dowamynda toplan heýkelleriniň, žiwopis we grafika, şeýle hem amaly-haşam sungaty eserleriniň 500-sini görkezdiler. Olaryň ilki edinen eseri geçen asyryň 20-nji ýyllarynda özboluşly üýtgeşik usulda surat çeken nakgaş Olga Mizgirýowanyň çeken grafiki suratydy.
Nikolaý Ýerşowyň “Maşgala” atly suraty serginiň ideýasyny beýan edýär—onda çeperçilik sungatyna berlen pikirdeşleriň ikisi—Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowa şekillendirilipdir.Olar entek ýaş, hyjuwly we bagtly, döredijilik taýdan kemala gelmeli we kämilleşmeli ýyllar entek öňde.
Sergi nakgaşlaryň we sungat muşdaklarynyň arasynda ägirt uly gyzyklanma döretdi. Serginiň esasy böleginde Babasary Annamyradowyň agaçdan, bürünçden, mermerden ýasan heýkelleriniň 50-si goýlupdyr.
Babasarynyň agaçdan heýkel ýasamagy halaýandygyny köp kişi bilýändir. Agaç eseriň gahrymanlaryna ýagşy sypatlaryny geçirýär, olara tebigy mähirl çaýýar. Babasary Annamyradow fantaziýasy güýçli, keşpleri şowly utgaşdyrybilýän heýkeltaraş. Awtoryň öz döreden eserleri goýlan bölümdäki esasy eser—ullakan alma Adam ata bilen How enäniň Injilde beýan edilen jennetde düşen güni bilen baglanşykly oýlanmalara atarýar.
“Görogly” şadessanyndaky hilegär kempiriň agaçdan ýasalan heýkeli-de tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýär.Daşyndan göräýmäge ýönekeýje garry ýalydyr welin, emma onuň omzunda oturan garga bu “pukaraja kempirden” her hili pyrryldyga garaşybermelidigi barada pikir döredýär.
Metaldan ýasalan işleriň arasynda “Tolkunlaryň üstünde ylgaýanlar” heýkeli-de täsirli çykypdyr.Ylgap barýan üç zenanyň erjelligi we çakganlygy şeýle çeper berlipdir welin, olar Zemin üstünde gaýyp ýören ýaly görünýär.
Suratlar toplumyny düzýän Yzzat Gylyjowyň, Durdy Baýramowyň, Tokar Tugurowyň, Stanislaw Babikowyň, Wladimir Pawloskiniň, Nikolaý Çerwýakowyň, Aman we Çary Amangeldiýewleriň, Şajan Akmuhammedowyň, Annadurdy Myradalyýewiň, Kössek Nurmyradowyň, Rahman Umarowyň, Nurgeldi Beknazarowyň, Azat Jumanyýazowyň we beýleki nakgaşlaryň ençemesiniň eserleri milli žiwopis mekdebiniň kemala geliş ýoluny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Olaryň arasynda kärdeşleriniň sowgat berenleri-de, satyn alnanlary-da bar.
Nurgeldi Beknazarowyň “Babasarynyň portreti” işi hem ünsüňi çekýär. Nakgaş ussadyň şahsyýetiniň çuňňurlygyny, onuň güýçli häsiýetini we göwnaçyklygyny, parasatlylygyny we özüne hem-de töweregindäkilere adalatlylygyny beýan etmegiň hötdesinden gelipdir. Azat Jumanyýazowyň döreden Babasarynyň ejesi Soltan ejäniň portretinde-de şu sypatlar görkezilen. Dürli tilsimlerde şekillendirilen portretleri gan birligi birleşdirýär.
Annamyradowlaryň maşgalasynyň ýakyn dosty, ajaýyp heýkeltaraş, ýakynda aradan çykan Ýedi Medetowa serginiň tutuş bir bölümi bagyşlanypdyr. Ýedi Medetow nurana adamdy, onuň ýüzüniň gasynlary agraslygyny we mylaýymlygyny, keserliligini we parasatlylygyny görkezýärdi. Çeperçilik akademiýasynyň talyplary ondan portretini çekmek üçin haýyş edip, köp ýüz tutardylar.
Halypa-da olara”ýok” diýmezdi.Sergide Begenç Annamyradowyň “Medetowyň portreti” atly suraty goýlupdyr, onda ussadyň içki dünýäsiniň çylşyrymlylygy beýan edilipdir.
Serginiň guramaçylary heýkeller bölüminde Eýnşteýniň, Napoleonuň, Mikelanjelonuň heýkelleri bilen birlikde olaryň awtory Ýedi Medetowyň döşheýkelini-de goýupdyrlar.Ýedi Napoleonuň heýkelini kubizm usulynda ýasap, gara reňke boýapdyr, belki, ol şeýtmek bilen Bonapartyň uruşparazlygyny nygtajak bolandyr.
Mikelanjelony bolsa...gündogar adamlaryna mahsus keşpde ýasapdyr.Onuň elindäki tokga toýun heýkeltaraşy dünýä heýkeltaraşlarynyň ählisine meňzedýär.Awtor: “Eliňe palçyk aldyňmy—özüňi Mikelanjelo duý” diýýän ýaly bolup dur.
Ýedi Medetowyň “Goja we deňiz” atly işi-de uly gyzyklanma döredýär. Agaçdan ýonulyp ýasalan heýkele parçalaýyn reňk çalnypdyr, şeýle özboluşly tilsim Ernest Hemingueýiň adybir powesti bilen assosiasiýany has-da güýçlendirýär...
Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowanyň toplan eserleri döwrüň döredijilik ýörelgelerini görkezýär.