Baba kesbi agtyga halal: Muhammet Aliniň agtygy ilkinji urşunda ýeňiş gazandy

Baba kesbi agtyga halal: Muhammet Aliniň agtygy ilkinji urşunda ýeňiş gazandy

Rowaýaty boksçy Muhammet Aliniň agtygy Niko Ali Uolş professional ringde özüniň ilkinji söweşini geçirdi. Ýeňiş gazanmak üçin oňa bary-ýogy bir minutdan gowrak wagt gerek boldy. Bu barada sportrbc.ru habar berdi.

Bir minutdan gowrak dowam eden tutluşykda 21 ýaşly Niko Ali Uolş öz watandaşy Jordan Uiks bilen söweşdi. Söweş Katosadaky (Oklahoma ştaty) boks agşamynyň çäginde geçirildi.

Jordan Uiks Muhammet Aliniň agtygy bilen duşuşmazdan ozal hem bir gezek ýeňlipdi. Indi onuň hasabynda dört ýeňiş we iki ýeňliş bar.

Ýeri gelende bellesek, Muhammet Ali (asyl ady Kassius Kleý-Kiçi) sportuň taryhynyň iň köp titully boksçylarynyň biridir. Ol agyr agram derejesinde absolýut dünýä çempiony (1964-1966, 1974-1978) we 1966-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medalyň eýesidir.

Ýene degişli makalalar

Muhammed Aliniň agtygy karýerasyna nokaut bilen başlady
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Çal we gaharlynyň 10-njy bölüminiň görkeziljek wagty belli boldy
50 ýyldan soň çempion boldy
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar