Watanymyzyň esasy Kanuny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli gurnalan sergide nakgaşçylyk, halyçylyk we zergärçilik işleri görkezildi.Olardan çagalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza bolan buýsançly duýgularyny kabul edýärsiň. Çagalar işlerinde tugumyzyň biziň baýramçylyklarymyzyň esasy bezegidigini beýan edýärler.
Olarda Konstitusiýamyzyň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edýän jemgyýetimiziň adamlarynyň ruhubelent duýgulary möwç urýar.Okuwçylaryň döreden şaý-seplerinde, gobelen işlerinde Garaşsyz Watanymyzyň aýdym-sazly bagtyýar döwrüniň bagy-bossanlygy görkezilýär.
Mekdebimiziň mugallymlary serginiň açylyşynda çagalara mundan beýläk-de berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuşy, geljekde olaryň okuwlarynda uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdiler.