B.Mätiýew TDG-niň daşary işler ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

B.Mätiýew TDG-niň daşary işler ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) daşary işler ministrler Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Duşuşykda gatnaşyjylar iň ýokary derejede gol çekmek üçin resminamalaryň taslamasyny gözden geçirdiler we ylalaşdylar. Özbegistanyň TDG-de başlyklyk etmeginiň netijeleri hem jemlenip, öňde Gazagystanyň başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Guramanyň çäginde pudaklaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna, esasanam ykdysadyýet we ulag pudagyna aýratyn üns berildi. 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Türki Döwletleriň Ulag aragatnaşyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy tassyklandy.

Duşuşykda TDG-niň beýleki halkara we sebit guramalary bilen gatnaşygyny giňeltmegiň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda otlularyň hereketiniň täze meýilnamasy hödürlendi, aprel aýynda ýurtda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler, SpaceX-iň we Alibaba-nyň wekiliýetleri Aşgabada gelerler we beýleki habarlar
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Berdinyýaz Mätiýew, başga işe geçmegi sebäpli, daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasarlar bellenildi
Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Aşgabatda türkmen-alžir gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy