Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meselelere garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Prezident Maksatnamasyndan ugur alnyp, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada degişli hasabatlary diňledi hem-de öňde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek üçin öwüt-nesihatlaryny berdi.
Maslahatyň wise-premýerler E.Orazgeldiýew, Ç.Gylyjow, Ç.Amanow, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat bilen çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişine berk gözegçilik edilýär.Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy yzygiderli seljerilýär we döwlet derejesinde geçirilmeli çäreler kesgitlenilýär.
Döwlet Baştutanymyz ýerli bazarlary özümizde öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen mundan beýläk-de doly üpjün etmek maksady bilen, degişli düzümler tarapyndan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtady.