Azyk nobatlary: Ýumurtga garaňkyda satylýar. Süýt-gatyk önümleri gymmatlaýar

Azyk nobatlary: Ýumurtga garaňkyda satylýar. Süýt-gatyk önümleri gymmatlaýar

Paýtagt Aşgabatda çörek we ýumurtga ýaly esasy azyk önümleriniň üpjünçiliginde bökdençlikler dowam edýär. Munuň bilen bagly döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Hususyýetçilerde süýt-gatyk önümleriniň bahasy gymmatlaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.

"Döwlet dükanlarynda çörek bilen bagly ýagdaý hasam agyrlaşýar.Nobatlarda 100-den gowrak adam bar. Çöregi irden sagat 10-11 aralygynda çäkli mukdarda getirýärler.Elbetde çörek nobata duran raýatlaryň 3/1 bölegine ýetýär we 20 minut wagtyň dowamynda satylyp gutarýar. Çörek ýetmedik adamlar lapykeç bolup, boş gaýdýarlar.

Käbir raýatlar çörek ýetmedik adamlara öz alan üç çöreginden birini hudaýýoly diýip berýär" diýip, habarçy 30-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Ol çörek üpjünçiligi bilen bagly bökdençliklere paýtagtyň "Desse", 32-nji, 42-nji we 8-nji döwlet dükanlarynda duş gelse bolýandygyny hem aýtdy.

"Häzirki wagtda bir çörek 60 teňňe bahalanýar we her adama üç çörek satylýar. Erkin bahadan bir çörek 5 manatdan hemişe bar" diýip, habarçy belledi.

Ol döwlet dükanlarynyň köpüsinde ýumurtganyň irden gün dogmanka, garaňkyda satylyp gutarýandygyny belläp, munuň nobatlaryň surata düşürilmeginiň öňüni almak üçin görülýän çäreleriň biridigini hem aýtdy.

"Adamlar ýumurtga üçin ir sagat 5-den soň nobata düzülip başlaýarlar. Döwlet dükanlarynyň iş tertibi sagat 7-de başlaýandygyna garamazdan, ýumurtgany 6:50-de satuwa çykarýarlar. Ol 15-20 minudyň dowamynda satylyp tamam bolýar. Ýurduň Söwda ministrliginiň ýolbaşçylary geçip barýanlar garaňkyda nobatlary surata düşürip bilmez ýaly şeýle görkezmeleri beripdirler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Habarçynyň sözlerine görä, her adama 11 ýumurtga 5 manatdan satylýar. Şol bir wagtda, döwlet dükanlarynyň tekjelerinde unuň hemişe bardygyna garamazdan, ony kadaly satuwa çykarmaýarlar. Satyjylar unuň satylmazlygynyň sebäbini özleriniň ony bir kilogramdan paketlere gaplamaga wagtynyň ýokdugy bilen düşündirýärler.

"Ösümlik ýagynyň ýany bilen tüwi, tomat, möhleti geçen ýa-da geçip barýan köke, süýji, reňkli suwlary satýarlar. Ösümlik ýagynyň bir litri 13 manat, ýöne onuň ýany bilen mejbury goşulyp satylýan harydy hem alanyňda, umumy bahasy 25-28 manat aralygynda bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Ýurduň döwlet dükanlarynda un, çörek, ýag, ýumurtga, şeker we towuk budy ýaly azyk önümleriniň bahalary hususy söwda bilen deňeşdirilende iki-üç esse arzandyr. Şol sebäpli adamlar bu iýmit önümlerini döwlet dükanlaryndan satyn almaga ýykgyn edýärler.

Döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler dowam edýän mahaly, şu günler süýt-gatyk önümleriniň bahasy hem gymmatlaýar. Habarçy hususyýetçilerde gaplara guýlup satylýan süýdüň 1,5 litrniň 8 manada we süzmäniň 1 kilogramynyň 16 manada ýetendigini aýdýar. Ozal bu önümler degişlilikde 6 we 14 manatdan bahalanýardy.

"Süýt we süzme dükanlarda örän gymmat. Kärhanalarda gaplanan süýdüň bir litriniň bahasy 18-20 manatdan, gatygyň ýarym litri 6-7 manatdan bahalanýar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary, şol sanda döwlet dükanlarynyň esasy azyk önümleriniň üpjünçiliginde döreýän bökdençlikleri aç-açan boýun almaýar. Döwlet mediasy ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini aýdyp, häzirki döwri “berkararlyk we bagtyýarlyk zamanasy” atlandyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda irki saýlawlar yglan edilen badyna azyk önümleriniň bahasy birden ýokarlandy
ÇÖREK MUKADDESDIR
Wakfykebir Çöregi
Maryda ýaşaýjylar çörek bişirýän zawoduň öňünde protest geçirdiler
Aşgabatda ilat unuň ýany bilen möhleti geçen kädi powidlosyny satyn almaga mejbur edilýär
Ordu Mesudiýe Gury Çöregi
Azyk gytçylygynyň arasynda hojalyklar gizlin bişiren çöregini ilata hödürleýär