Eýranly türkmen, Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Serdar Azmun Lewerkuzen şäheriniň Baýer toparynda täze möwsümiň türgenleşiklerine girişdi. Ol täze möwsüm üçin ilkinji türgenleşiklerini jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly paýlaşdy.
Azmunda ýakynda Eýrandan dolandy. Ol bu ýerde dynç alşynyň bir bölümini geçirdi. Geçen möwsümi Italiýanyň Roma toparynda kärendede geçiren hüjümçi 29 duşuşykda üç gol geçirip, dört goluň pasyny berdi.
Häzirki wagtda Sewilýanyň Azmun bilen gyzyklanýandygy barada habarlar bar.
Azmunyň häzirki topary Bundesliganyň geçen möwsüminde taryhynda ilkinji gezek çempion bolmagy başarypdy.