Azmun Şabab Al-Ahlidäki ilkinji goluny geçirdi

Azmun Şabab Al-Ahlidäki ilkinji goluny geçirdi

Eýranly türkmen Serdar Azmun BAE-niň Şabab Al-Ahli toparyndaky ilkinji goluny geçirdi. Bu gol AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň Sepahan topary bilen geçirilen duşuşykda hasaba alyndy. Duşuşykda Şabab Al-Ahli güýçli garşydaşyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Oýna 61-nji minutda giren Azmun eýýäm bir minutdan soň täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi.Gazanylan ýeňişden soň Şabab-Al-Ahli 13-nji awgust güni ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna girmek üçin Kataryň Al-Garafasy bilen duşuşmak hukugyna eýe boldy.

Sepahan bolsa yklym ýaryşlaryndaky göreşini AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-de alyp barar.Bu liganyň saýlama duşuşyklaryna Aşgabadyň Altyn asyrynyň hem gatnaşjakdygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin
Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazarlary açylar, Aşgabatda ýene bir medeni-dynç alyş seýilgähi açylar, Türkmenistan CAFA Futsal Cup çempionatynyň dördünji aýlawynda Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki habarlar