
Eýranly türkmen asylly futolçy Serdar Azmun BAE-niň Şabab Al-Ahli toparyna geçmäge razylyk berdi. Bu barada meşhur futbol žurnalisti Fabrisio Romano mälim etdi.
Baýer Azmunyň transferi üçin 5 million ýewro alar. 29 ýaşly hüjümçiniň geljek hepdäniň duşenbe güni saglyk barlagydan geçmegine garaşylýar.
Maglumat üçin, Şabab Al-Ahli BAE-niň iň köp titully toparlarynyň biri bolup, ýurduň 7 gezek çempiony hem-de sekiz gezek ýurduň Kubogynyň eýesi hsaplanýar.
Ýeri gelende bellesek, Serdar Azmun geçen möwsümi kärende esasynda Romanyň düzüminde geçiripdi. Ol rim toparynyň düzüminde 3 gol urdy hem-de 3 gola assistentlik etdi.
Mundan ozal, Serdar Azmunyň transferine Sewilýanyň gyzyklanma bildirýändigini habar beripdik.