
Baýer klubynyň hüjümçisi Serdar Azmun Bundesliganyň şu möwsümindäki ikinji goluny urdy. Ol bundesliganyň 23-nji tapgyryndan orun alan Gerta bilen oýunda tapawutlandy.
Baý-Arena stadionynda geçirilen oýun 4:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Azmun oýnuň 12-nji minutynda Jeremi Frimpongyň pasyndan soňra hasaby açdy.
Şeýlelikde, Azmun bassyr ikinji oýunda öz adyna gol ýazdyrmagy başardy. Mundan başga-da, ol Germaniýanyň çempionatynyň soňky üç tapgyrynda gol+pas ulgamynda 3 utuk gazandy.
Mundan ozal Serdar Azmun bundesliganyň 22-nji tapgyrynda Fraýburg bilen bolan oýunda gol urdy. Şol duşuşygyň 67-nji minutynda Azmun tarapyndan geçirilen dürs urgy Baýeri ýeňlişden halas etdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, Azmun Baýeriň düzümine 2022-nji ýylyň ýanwarynda goşuldy. Eýranly türkmen asylly hüjümçi bundesliganyň şu möwsüminde 13 oýunda meýdança çykdy.