"Orta mekdepde okuw maksatnamasynyň aglaba bölegi azlygyň öz dilinde okadylmaly.Azlygyň dili hemişelik esasda okuw dersi hökmünde okadylmaly.Döwlet dili hem hemişelik esasda okuw dersi hökmünde okadylmaly..." Bu sözler Milli azlyklaryň bilim almak hukuklary hakyndaky Gaaga düzgünnamalaryndan alyndy.
Emma Türkmenistan milli azlyklaryň çagalarynyň öz ene dillerini okuw dersi hökmünde öwrenmegine garşy durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýerli pedagoglaryň we bu ýagdaýa biparh seretmeýän intellektuallaryň birnäçesi Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşip, öz tejribelerini paýlaşdy.
Magtymguly adyndaky TDU-nyň hormatly dynç alşa çykan mugallymynyň sözlerine görä, 1993-nji ýylyň maýynda kabul edilen Täze bilim syýasaty ýurtda berilýän bilimiň sowet döwrüniňkidäkiden hem beter syýasatlaşdyrylmagyna, üstesine ýowuz türkmenleşdirilmegine’ alyp geldi.
1994-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurduň milli azlyklaryň dillerinde (rus, özbek, gazak) okadylýan mekdeplerinde ilkinji gezek "türkmen klaslary", türkmen dilinde okadylýan synplar açylyp başlandy. Netijede, öňler özbek, rus, gazak mekdepleri diýilýän mekdepler "türkmen-rus", "türkmen-özbek", "türkmen-gazak" mekdepleri atlandyrylyp başlandy, Balkan welaýatynda olara "türkmen-rus-gazak", Daşoguzda - "türkmen-rus-özbek" mekdepleri diýildi.
Bu ýagdaý 2002-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli dowam etdi, 2002-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bu mekdepleriň ählisi türkmen mekdeplerine öwrüldi we, mekdeplerde özbek we gazak dilinde okadylýan synplary açmak dolulygyna ýatyryldy, rus dilinde okadylýan synplaryň sany 2-3 esse azaldyldy diýip, goja mugallym ýatlaýar.
Netijede, ilatyň 10% tutýan özbekler, 2% tutan gazaklar we beýleki milli azlyklar öz ene dillerinde we rus dilinde bilim almak hukugyndan mahrum boldular. Ýokary bilim barada aýdylanda bolsa, 1994-nji ýyldan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň rus dilindäki toparlarynyň 1-nji kursuna student kabul etmeklik dolulygyna gadagan edildi. TDU-nyň öňki mugallymy bu hereketleri ýykgynçylyk, adam hukuklarynyň gödek bozulmagy hasaplaýar.
1994-nji ýylyň 1-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda 50-den gowrak özbek, 20 sany gazak, 150 töweregi rus mekdebi hereket edýärdi diýip, Aşgabatly synçy aýtdy.
2002-nji ýylda 50 sany özbek dilli mekdebiň diňe bir böleginde, Daşoguz welaýatynyň 1-9(10)-njy synplarynda özbek dilinde okadylýan okuwçylar bardy, Lebap welaýatyndaky özbek mekdeplerinde bolsa şeýle okuwçylar eýýäm diňe 8-9(10)-njy synplarda bardy, sebäbi, Lebap welaýatyndaky özbek mekdeplerinde eýýäm 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda özbek dilinde okadylýan 1-nji synplary açmak bes edilipdi.
Daşoguz welaýatynda 2011-nji ýylda iň soňky özbek synplarynyň okuwçylarynyň 10-njy synpy tamamlamagy bilen özbek dili we edebiýaty derslerini okatmak ýatyryldy.
Gazak dilli synplar hem 2000-nji ýyllaryň ahyryna çenli öz işini doly tamamlady.
Rus dilli synplar dogrusynda aýdylsa, şol wagtky rus häkimiýetleri Nyýazowa birnäçe gezek ýüz tutup, "rus synplaryny ýapmazlygy“ haýyş etdiler.
Mekdepler 9 ýyllyga geçirende, Nyýazowyň buýrugy bilen, rus synplaryndaky 10 ýyllyk okuw 2003-nji ýyla çenli saklap galypdy.
Emma muňa garamazdan, 2002-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda 1994-nji ýylda 150 töweregi bolan rus mekdebiniň diňe 49 sanysynda rus dilinde okadylýan 1-nji synplar açyldy.
Bu ýagdaý diňe 2014-nji ýylyň birinji sentýabrynda, Ukrainadaky rus güýçleriniň hereketleriniň fonunda, Türkmenistandaky rus azlygynyň birden işjeňleşmegi bilen üýtgedi, ýurduň onlarça mekdebinde rus synplary açyldy, olar barada resmi derejede gürrüň edilip başlandy diýip, synçy aýtdy.
Emma özbek we gazak mekdepleri dogrusynda şindi hem resmi derejede gürrüň edilmeýär. Ýerli gazak we özbek azlyklarynyň wekilleriniň ikiçäk gürrüňdeşliklerde bellemeklerine görä, ene dilinde bilim almak meselesinde Türkmenistandaky milli azlyklara şol milletleriň taryhy watany bolan ýurtlar goldaw bermeli.
"Özbegistan öz çäginde türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň, ýokary okuw jaý toparlarynyň bardygyny aýdýar, ýöne Türkmenistandaky özbekler üçin özbek mekdeplerini açmak zerurlygy hakynda gönüläp bir zat diýmeýär ýa-da resmi beýanat etmeýär. Meniň pikirimçe, Özbegistan, eger islese, özbek dilini we özbek azlygyny gorap bilerdi. Muňa, belki-de, syýasy erk we isleg gerek" diýip, daşoguzly mugallyma Şahnoza Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Balkan sebitinde ýaşaýan gazak azlygynyň wekilleri hem, dilleriniň goralmagy meselesinde, esasan Gazagystanyň howandarlygyna garaşýarlar.
"Bu meseläni Gazagystan gozgamasa, Aşgabat ýönekeý gazaklary diňlemez" diýip, türkmenbaşyly Arystan öz pikirini aýtdy.
Ylymlar akademiýasynyň bir akademiginiň anonim şertde aýtmagyna görä, 1985-1990-njy ýyllarda Türkmenistanyň buluç, kürt, pars azlyklary üçin okuw kitaplaryny taýýarlamak boýunça ençeme lingwistik ekspedisiýa, filologik seminar guralypdyr.
"Dogrudanam, 1992-1994-nji ýyllardan başlap, Ahal welaýatynyň Sarahs, Gäwers (häzir Akbugdaý), Gökdepe, Bäherden, Tejen; Mary welaýatynyň Mary, Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten, Tagtabazar we Guşgy (soňra Serhetabat) etraplarynda milli azlyklar üçin buluç, kürt, pars dilleri okadylýan synplary açmak planlary bardy, emma Nyýazow bu planlaryň ählisine atanak urdy" diýip, baýry akademik gürrüň berdi.
Türkmenistandaky türkmenleşdirme 30 ýyl içinde diňe bir okadylýan dilleri däl, tutuş bilim ulgamyny we umuman jemgyýetiň ähli pudagyny gurşap aldy, etniki azlyklaryň dilleri, medeniýeti däl, hatda bardygy hem aýdylmaýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen intelligensiýa wekili, bilim meselelerini öwrenýän synçy aýtdy.
Aşgabadyň drama teatrynda ýylda bir-iki gezek özbek dramaturglarynyň eserleri boýunça türkmen dilinde sahna oýunlary goýulýar, şuny-ha boýun alman bilmersiňiz diýmekleri mümkin. Ýöne bu hem diňe propaganda maksady bilen edilýän işe meňzeýär, sebäbi, hakykatdanam azlyklar üçin edilen bolsa, şeýle sahna oýunlary ilkinji nobatda hut özbek azlyklarynyň kowçum bolup ýaşaýan Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky teatrlarda görkezilerdi diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.