
Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Ahmad Al-Şarafiniň Türkmenistana gelip görmegine garaşylýar.
Bu barada Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň ýolbaşçysy Döwletgeldi Annaýewiň Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasynda geçiren gepleşikleriniň dowamynda aýdyldy.
Federasiýanyň ýolbaşçysy ilçi Ahmed Al-Hameli bilen geçiren gepleşiklerinde sport babatynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem taraplar Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidentiniň Aşgabat şäherine boljak sapary barada pikir alyşdylar.