Aziýa ösüş bankynyň (ADB) Dolandyryjylar geňeşi 59 ýaşly Masato Kandany Aziýa ösüş bankynyň 11-nji başlygy wezipesine saýlady.Masato Kanda 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda işe başlap, bu wezipäni 2026-njy ýylyň 23-nji noýabryna çenli dowam etdirer.
Ol häzirki wagtda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň we maliýe ministriniň ýörite geňeşçisidir. “Masato Kandunyň halkara maliýe pudagyndaky uly tejribesi we köpugurlarda subut edilen ýolbaşçylygy global ykdysady kynçylyklary çözmäge we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge kömek eder” diýip, bankyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fabio Panetta aýtdy.
Maliýe hyzmatlary gullugynyň başlygynyň orunbasary, býujet býurosynyň baş müdiriniň orunbasary we syýasaty utgaşdyrmak boýunça ministriň orunbasary bolup işlän Masato Kandanyň maliýe syýasaty we makro-salgyt syýasaty boýunça möhüm tejribä eýedigi bellenýär. Şeýle hem, bilim syýasaty, ylym reformasy, şol sanda uniwersitet reformasy boýunça öňdebaryjy bilermendir. Ýeri gelende belläp geçsek, Aziýanyň ösüş banky garyplygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryny dowam etdirmek bilen bir hatarda gülläp ösýän, inklýuziw, ýaşaýşa ukyply we durnukly Aziýa-Ýuwaş umman sebitini döretmäge tagalla edýär. 1966-njy ýylda döredilen Aziýa ösüş banky 69 ýurdy öz içine alýar, olaryň 49-sy Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýär. /* custom css */ .td_uid_15_674b00771abd0_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674b00771abd0_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }