Aziýanyň Ösüş banky şu ýyl Aziýanyň ykdysady ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi

Aziýanyň Ösüş banky şu ýyl Aziýanyň ykdysady ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi

Aziýanyň Ösüş banky şu ýyl Aziýanyň ösüp barýan ýurtlarynda ösüş çaklamasyny 4,6%-e çenli peseltdi, aprel aýynda bank ösüşiň 5,2% derejesinde bolmagyny çaklapdy. Bu barada bankyň metbugat relizinde habar berilýär diýip, centralasia.media belleýär.

Onuň bellemegine görä, esasy şert täze COVID-19 lokdaunlary bilen baglanyşykly bökdençlikler sebäpli HHR-de ösüşiň haýallamagy, şeýle-de global islegiň gowşaklygy boldy. Şu ýyl HHR-iň ykdysadyýetiniň ösüşi öňki 5% derejesindäki çaklama bilen deňeşdirilende 4% bolar.

AÖB Hindistanyň hem ykdysady ösüş çaklamasyny ýokary inflýasiýa we pul-karz syýasatynyň berkemegi sebäpli 7,5%-den 7,2%-e çenli peseltdi. Şu ýyl Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ösüp barýan ýurtlarynda inflýasiýa öňki 3,7% derejesindäki çaklama bilen deňeşdirilende 4,2%-e çenli ýokarlanar diýlip çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, sebitde inflýasiýa basyşy dünýäniň beýleki ýerlerine garanyňda henizem pes. 2023-nji ýyl üçin AÖB sebitdäki ykdysady ösüş çaklamasyny 5,3%-den 5,2%-e çenli peseltdi, inflýasiýa çaklamasyny 3,1%-den 3,5%-e çenli ýokarlandyrdy.

Käbir kiçi sebitler üçin ösüş çaklamasy ýokarlandyryldy.Günorta-Gündogar Aziýa üçin çaklama koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň gowşadylmagy bilen içerki islegiň ýokarlanmagy netijesinde öňki çak edilen 4,9%-den şu ýyl 5%-e çenli ýokarlandy.

Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çaklama 3,6%-den 3,8%-e çenli ýokarlandyryldy. Ýuwaş umman sebitiniň ösüş çaklamasy Fijä syýahatçylygyň dikeldilmegi netijesinde 3,9%-den 4,7%-e çenli ýokarlandy.

AÖB 1966-njy ýylda döredildi.Onuň paýdarlary 68 döwlet bolup, olardan 49-sy sebitde ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Masato Kanda Aziýa Ösüş bankynyň prezidentligine saýlandy
Aziýanyň ösüş banky türkmen telekeçilerine goldaw berer
AÖB Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Aşgabatda AÖB-niň Türkmenistan üçin Strategiýasy maslahatlaşyldy
AÖB Türkmenistanyň demir ýol pudagyna tehniki goldawyny berýär
AÖB Türkmenistanyň üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegini goldaýar