AFKÇempionlar ligasynda Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary çempion boldy. Arap topary finalda Ýaponiýanyň “Urawa Red Daýmonds” toparyndan üstün çykdy. Iki topar 2017-nji ýylda-da gabatlaşyp, şonda ýapon tarapy ýeňiş gazanypdy (11, 10). Ýöne bu gezek ýeňiş arap klubunyň tarapynda boldy.
9-njy noýabrda Er-Riýaddaky 1-nji duşuşykda 10 ýeňiş gazanan “Al-Hilal” jogap oýnunda-da 20 hasabynda garşydaşyny ýeňmegi başardy. “Saitama 2002” stadionyndaky bu duşuşyga 58 109 janköýer tomaşa edip, oýna özbegistanly Walentin Kowalenko eminlik etdi.
Birinji ýarymy golsuz geçen duşuşykda Razwan Luçeskunyň tälimçiligindäki “Al-Hilala” ýeňiş getiren gollary 74-nji minutda Salem Al-Dawsari hem-de 90+3-nji minutda Bafetimbi Gomis derwezä girizdi. Şunlukda, 2 oýnuň netijesi boýunça 30 hasabynda ýeňşini baýram eden “Al-Hilal” 1991-nji we 2000-nji ýyllardan soň, 3-nji gezek yklymyň iň uly kubogyny eýeledi. 4 gezek finalda utulan “Al-Hilal” topary çempionlyk babatda Koreýa Respublikasynyň “Pohang Stilers” kluby bilen deňleşip, birinji orna çykdy. “Al-Hilal” bu kubogy 3 gezek alan 2-nji klub boldy. Şeýle-de “Al-Hilal” soňky 8 ýylda bu kubogy eýelän Günbatar zolagynyň ilkinji wekili hökmünde hasaba alyndy.
Ondan öň 2011-nji ýylda “Al-Sadd” eýeläpdi.
2007-nji we 2017-nji ýyllaryň çempiony “Urawa Red Daýmonds” bolsa, ilkinji gezek finalda ýeňildi. 11 gol geçiren “Al-Hilal” toparynyň fransiýaly hüjümçisi Bafetimbi Gomis ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy.