Aziýanyň kubogy ― 2022: Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

Aziýanyň kubogy ― 2022: Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

Şu gün Aziýanyň kubogy ― 2022-niň açylyş duşuşygy Özbegistanyň we Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda geçiriler. Duşuşyk Daşkent şäherindäki Pahtakor stadionynda bolar.

Duşuşykda eminleriň halkara topary işşlär. Baş emin FIFA-nyň 33 ýaşly emini Hanna Hattab (Siriýa) bolar. Oňa watandaşy Ali Ahmad bilen awstraliýaly Ouen Goldrik ýardam berer. Ätiýaçdaky emin bolsa awstraliýaly Jonatan Barreýro bolar.

Duşuşyk şu gün agşam sagat 20:30-da başlanar. Ol Özbegistanyň Futbol TV teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

Ýene degişli makalalar

Geçen tapgyrda-da ýeňlipdi
Emin 11 gyzyl kart görkezdi
Messi sentýabrda Liga 1-iň iň gowy futbolçysy boldy
Aziýanyň kubogyndaky Türkmenistan ― Eýran duşuşygynda awstraliýaly eminler işlär
Çilide dünýädäki iň gojaman daragt tapyldy
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady