Aziýanyň iň awtoritar şäheri bolan Aşgabatda: 'Adamlar söz aýtmakdan hem gorkýar'

Aziýanyň iň awtoritar şäheri bolan Aşgabatda: 'Adamlar söz aýtmakdan hem gorkýar'

Meň çaga wagtym, Aşgabat “baglyk şäher” hökmünde tanalýardy Ol gök öwüsýärdi, kanallarda dagdan gelen suwlar akýardy, agaçlar bolsa iýul we awgust aýynda hem kölege salyp salkynlyk berýärdi.Goňşular agşamlaryna çaý başynda üýşerdiler.

Türkmenistan Sowet Soýuzyndan 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny gazanyndan soň Aşgabat ikinji gezek dörän ýaly boldy.Häzirki günümizde Aşgabat şäherine degişme hökmünde “ölüleriň şäheri” hem diýilýär, sebäbi ak mermerli täze gurlan ýerlerde adam görüp bolmaýar diýlen derejede. Şäher Gines rekordlar kitabynda dünýäň ýüzünde iň köp ak mermer bolan şäher hökmünde hasaba alnan.

Aslynda onuň hasaba alnan ençeme ugurlary bar: dünýäň ýüzünde iň uly ýapyk karusel, iň uly fontan, iň uly ýyldyz şekli.Täze aeroportda ýolagçylaryň esasy terminalyny bezeýän dünýäň ýüzünde iň uly haly şekli bar. Ýakyn wagta çenli, paýtagtda dünýäň iň uly baýdak sütüni derejesini hem saklapdy. Ähli bu täze jäjekler, jaýlar, parklar we köçeler, hamala adamlar üçin gurlupdy.

Olar munyň bahasyny dymmaklyk bilen ödeýär. ***

Men Aşgabat şäherinde 1987-nji ýylda doguldym we 1994-nji ýylda okuwa başladym Men birinji klasa gidenimde her gün geýmeli bolan tarketka bilen prezident Saparmyrat Nyýazowyň suraty bolan sagadyň berleni ýadyma düşýär. Şol ýaşda, men şahsyýet kultunyň nämedigine düşünmeýärdim, ene-atam hem maňa ony düşündirmekçi bolup baranokdylar.

Käbir ýerlerde birnäçe güniň dowamynda suw we elektrik togy ýok, merkezde bolsa hiç kim üçin fontanlar akýar we çyralar ýanýar

Meniň düşünen zadym diskriminasiýa boldy. Maşgalamyz baý ýaşamady: Kakam kebşirleýji, ejem mekdep mugallymydy, özümiz hem Aşgabadyň iň bir pukaralyrak ýerinde ýaşaýardyk. Türkmen milliýetçiliginiň öňe sürülmegini ilkinji sapar şu ýerde duýdum. Şäheriň köçelerinden geçenimizde, yzymyzdan bir türkmeniň gygyranyny eşitdik: Eý orslar, öz Orsýediňize gidiň!

Facebook

Twitter

Pinterest

Aşgabatdaky boş park, arkasynda hem adaty ak jaýlar. Fotosurat: Alamy

Nyýazow jemgyýetde özüniň beýikligi baradaky ideýäny öňe sürüp başlady, Aşgabady bolsa öz isleýşi ýaly täzeden gurmaga durdy.Onlarça taryhy ýadygärlikler ýok edildi, ýüzlerçe öýler ýykyldy.Olaryň ýerine ak mermer bilen örtülen belent jaýlar guruldy.

Köp ýyllyk agaçlaryň ählisi diýen ýaly kesilip aýryldy, olaryň deregine gury klimata bolmaýan we kölegesi az bolan arçalar ekildi.Täze ýollar guruldy, şäheriň ýörite mikroklimatyny döredýän kanally suwaryş ulgamy bolsa durşuna diýen ýaly ýok edildi. Öňki çaý başynda üýşülýän ýerlerde ýa maşyn parklary ýa-da çym takyr ýerler bar.

Ilatyň Rusça gürleşýän topary uly ýygyn bolup ýurdy terk etmäge başlanda, dili ýatdan çykarylar ýaly kampaniýa başladyldy.Türkmen bolmadyk işgärler kowulyp başlandy, uniwersitetler hem ady türkmen bolmadyk talyplary kabul etmezlige başlady.

Meniň ençeme dostlarym we klasdaşlarym okuwyň tamamlanmagyna garaşman ýurtdan çykyp gitdiler.Meniň maşgalam bolsa Orsýete göçmegi diňe arzuwlap bilerdi.Kakam 1997-nji ýylda ýogalanyndan soň, biz üçin ýaşamak örän kyn boldy.

Maşgalamyzy eklemek üçin ejem üç ýerde işledi. 2003-nji ýylda mekdebi gutaryp, men Moskwadaky kolledže okamaga gidesim geldi, emma biziň serişdelerimiz ýokdy.

Şondan soň meniň kelläme pikir geldi: Türkmenistanda bir üýtgeşiklik edip bilmek. Ýöne 2002-nji ýylda aýtmyşlaryna görä Nyýazowyň janyna kast etmäge bolan synanyşykdan soň, döwlet ygtyýarlylaryna garşy kritika aýdýan islendik adamy tussag etmek boýunça işler geçirilmäge başlandy, we şol sebäpli näme edip boljagyny hem pikir etmek mümkin däl ýagdaýda boldy.

Facebook

Twitter

Pinterest

Adamlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň at üstündäki altyn heýkelini dabara bilen açmak üçin Aşgabatda ýygnanyşýar. Fotosurat: Alexander Vershinin/AP

2006-njy ýylda men Orsýede gidip Rostow şäherindäki ykdysadyýet uniwersitetine girmäge başardym.Indiki ýyl bolsa, pulum gutaryp, men Aşgabada dolanyp gaýtmaga mejbur boldum.Men elektrik hökmünde koledži gutaryp işlemäge başladym. *** Nyýazowyň ýogalanyndan soňky bir ýylyň içinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň güýjüniň artmagy ýykgynçylygyň täze tolkunyny başlatdy Berdimuhamedow haýal etmän özünden öňki bilen bagly ýatlary ýok etmegiň ugruna düşdi.

Ol Nyýazow adyndaky merkezi ýadygärlikleri doly derjede könelişen diýmek bilen “täzeden gurmak” işini başlatdy.Ol özüniň täze köşküni gurmak maksady bilen ol ýerde duran onlarça öýleri ýykdy, tutuş köçäni halk üçin ýapdy we ol ýeri özüniň şahsy bulwaryna öwürdi.

Prezidentiň geçip biläýjek ähli uly köçelerinde äpişgeleri açmak, howa kondisionerleri we hemra antennalaryny gurnamak, şeýle hem guratmak üçin geýim asmak gadagan edildi.

Käbir ýerlerde birnäçe güniň dowamynda suw we elektrik togy ýok, merkezde bolsa hiç kim üçin fontanlar akýar we çyralar ýanýar

Döwlet ygtyýarlylary ösen infrastruktura pul sowdular, emma okuwly hünärmen ýetişdirmek üçin bolsa pul sarp etmediler.Netijede bolsa yssy tomus paslynda käbir ýerler ençeme güniň dowamynda suwsuz we elektrik toksuz oturýar, şäheriň merkezindäki fontanlar bolsa uzakly gün akyp durýar, çyralar hem hiç kim üçin ýagtylyk baryny saçyp ýanýar.

Ygtyýarly adamlarlar, göýä üýtgeşik keýp alýan ýaly Aşgabadyň içinde asyr boýy ösüp duran agaçlary hezil edip kesdiler, olaryň pikiriçe bu agaçlar ýollary giňeltmek üçin päsgelçilik döredýär.Millardlarça dollar sarp edilen kaşaň binalarynyň arasyndan aeroport öňe saýlanyp durýar - bu hem halkara awtobus terminalynyň gurlan şäherinde guruldy, bu terminal bolsa özüniň gurlany bäş ýyl öň bolsa hem, ýeke gezek-de halkara gatnaw saparyny etmedi. Ýeri gelende aýtsak, aeroportuň bahasy $2.3 milliard dollar we sagatda 1,600 ýolagçy gatnatmak üçin niýetlenen, emma özüniň ukybyndan 10% derejede işleýär.

Bu täze aeroporty gurmak üçin şol ýerdäki Çoganla degişli tutuş oba ýykyldy.Halkara Amnistiýa guramasy 10,000 töweregi ýykylan jaý sanyny, takmynan 50,000 adamyň öýüniň ýykylmagy diýip hasaplady.

Eýsem ýykgynçylygyň sebäbi näme?Prezident uçar bilen gelýän daşary ýurtlylar uçaryň äpişgelerinden adaty türkmen halkynyň göze ýakymly bolmadyk gündelik durmuşyny görerler diýip alada etdi.Prezident haýwanlary halamaýandygy sebäpli, şäheriň ygtyýarlylary köçe itlerini we hat-da öýde saklanýan haýwanlary aýylganç görnüşde ýok etdiler.

Haýwan goragçylary bu gyrgynçylygy daşary ýurt mediasyna habar berenlerinde zorluk gördüler we olara haýbat atyldy, internete bolan girişleri ýapyldy we olara garşy toslanyp jenaýat işi açyldy.

Facebook

Twitter

Pinterest

Orsýetiň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda duşuşýar. Alexander Vershinin/AP Mikhail Metzel/Tass

Türkmenistandaky hakyky ýagdaýy dünýä ýetirmäge synanyşan az sanly aktiwist we garaşsyz žurnalistlere hem azar bary berlip, olar hem gorkuzyldy.Göze dürtülýän bir mysal aýdylsa 2015-nji ýylda Tramadol atly neşe saklamak bilen günäkärlenen we tussag edilen garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepeskulyýewe garşy gozgalan jenaýat işidir.

Nepeskulyýew daşary ýurtly media, şol sanda Alternatiw Türkmenistan we Azatlyk Radiosy üçin öz şäherindäki ýaramaz köçeleriň ýagdaýy, agyz suwunyň ýetmezçiligi, saglyk hyzmatlary we bilim ugrundaky ýaramaz ýagdaýlar barada habarlar iberdi.

Netijede üç ýyl azatlykdan mahrum edildi, belki hem has beteri boldy. Ýaňy ýakynda onuň ady türkmen tussaghanalarynda ýitirim bolan adamlaryň sanawyna goşuldy, sebäbi garyndaşlarynyň hiç birinde onuň nirededigi we ýagdaýynyň nähilidigi barada hiç hili habar ýok.

*** 2013-nji ýylda, ilkinji sapar, men şol garaşsyz žurnalistlerden bolan Ruslan Mätiýewi gözläp tapdym we men ýaly Rus we türkmen raýatlygy bolan adamlara garşy adalatsyzlyk barada ýazmak isleýändigimi aýtdym.

Haçanda Alternatiw Türkmenistan habarlarynda 2010-njy ýylda Mätiýew Facebook arkaly işlemäge başlandygy barada makala peýda bolanda, meniň iş berijim Mätiýew bilen hiç haçan habarlaşmaz ýaly tabşyryk berdi. Ýöne men üç ýyl soňy döwre çenli, ýagny ejem agyr kesellänine çenli türkmenleriň ýörite gullyklarynyň ünsüne düşjekdigim barada pikir etmedim.

Men ýene-de Mätiýewiň kömegini soradym - biz bilelikde ejem Moskwada operasiýa edilmegi üçin rugsat almagy başardyk we men Aşgabatda dürli ýerlerden haýwanlaryň öldürilýändigi, köçeleriň ýaramaz ýagdaýy, gonamçylyklardaky ýagdaýlar, Ortodoks hristiýanlarynyň durmuşy we ş.m.

düşüren suratlarymy ibermäge başladym.Mätiýew bu we beýleki habarlarymy, ýylyň başynda tussag edilen beýleki žurnalisti sebäpli adym bilen neşir etmegiň howpludygyna göz ýetirip, anonim hökmünde uzak aralykdan işledilýän Habartm.org saýtynda neşir etdi.

Facebook

Twitter

Pinterest

Suwuklyk, suw bilen garylan kislota bolup çykdy.’ Photograph: Stanislav Volkov

Muňa garamazdan howpsuzlyk gullugy meniň edýän işimden habarly bolup, meni kösediler: Meni internet birikmesinden kesdiler we köçede topuldylar.Men maglumat ibermek üçin ençeme mobil habarlaşmak platformalaryny ulanmaly boldum, sebäbi howpsuzlyk gulluklary birnäçe fotosurat ugradanymdan soň olary blokirleýädiler. 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde men dostum bilen azyk dükanyna tarap barýardym, nätanyş adam meniň üstüme näbelli suwuklyk sepip gaçyp gitdi.

Ilkibada men bu ýagdaýa uly üns bermedim, meniň elim çalarak gyzarypdy.Agşam bolsa, agyry peýda boldy we birnäçe gün soň ol ýerde ýanyk peýda boldy.Suwuklyk, suw bilen garylan kislota bolup çykdy.

Ejem ýogalanyndan soň, onuň öýi maňa miras hökmünde geçdi, men ony ýarym bahasyna satyp Türkmenistandan çykdym. Ýörite türkmen gulluklary meniň nerwilerim bilen oýnamak üçin soňky pursat bilip meni 20 minut tutup sakladylar. ***

Facebook

Twitter

Pinterest

Meniň öňki şäherimde durmuş dowam edýär. Ýokary derejede işsizlik we tutuşlygyna korrupirlenen şertlerde adamlar her gün maşgalasyny eklemek üçin iş tapmak ugrunda kösenýär.Garaşsyz hasaplamalara görä Türkmenistandaky işsizlik derejesi 60% ýetdi. Şäher barada ýene goşmaly zat gerekmi?

Bahasy 5 milliard dollar bolan halkara “Olimpiýa şäherçesi” ýaňy ýakynda geçirilen 10 günlik Aziýa oýunlary üçin guruldy.Men Aşgabada dolanyp barmak islemeýärin, ýeke sebäp aýtmaly bolsa hem meniň ýadymdaky köne şäherden hiç zat galmandygydyr.

Paýtagty üýtgetmek ýeterlikli däl, ýurtdaky syýasy ýagdaýy tutuşlygyna çalyşmak gerek.Türkmenistanda hiç hili adalat ýok, sebäbi tutuş ýuridiki ulgam prezidentiň elinde, Milli howpsuzlyk gullugy hem onuň buýrugynda.Döwlet mediasy güýjüň tarapdary, prezidenti yzygiderli “gahryman” diýip atlandyrýar we ony “hormatly” diýip wasp edýär, we onuň hökümdarlyk edýän döwri bolsa diňe kuwwatlylyk we bagtyýarlyk zamanasydyr.

Adamlar bolsa hökümete garşy söz aýtmaga hem gorkýar.Köp adam belgiýaly žurnalist Tom Waes tarapyndan taýýarlanan Aşgabat baradaky dokumental habary ajy ýylgyryş bilen ýatlaýar.Daşary ýurtlylar üçin ajaýyp ýurt hökmünde obraz döredr ýaly hökümet tarapyndan çagyrylan Waes, topary bilen obýektiw bolmaklyga gowy taýýarlanyp geldiler.

Olar dükanda tertipli durmaýan polkany, satyjynyň çaýly termosy, hapa üçin sowok we sübse ýaly gündelik durmuşdaky ähmiýeti bolmadyk adaty ýagdaýlary hem gizlemek üçin “raýatlary ugrukdyrýan” toparlaryň edýän gödek synanyşyklaryny kino düşürdiler. Şäherde hemme zat gül ýaly diýip görkezmek üçin toparlar kösenç baryny etdiler.

Aşgabatda, edil Bagdatda ýaly, hemme zat asuda.

Topics

Cities

Secret Stans

South and Central Asia

Journalist safety

comment

Share on Facebook

Share on Twitter

Share via Email

Share on LinkedIn

Share on Pinterest

Share on Google+

Share on WhatsApp

Share on Messenger

Reuse this content

More related articles

Aziýanyň iň awtoritar şäheri bolan Aşgabatda: 'Adamlar söz aýtmakdan hem gorkýar'
HORMATLY PREZIDENTIMIZ DÜNÝÄ ÇEMPIONYNY SARPALAMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
Milli Liderimiz “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna badalga berdi hem-de täze ýaşaýyş toplumyny açdy