Aziýada “Kaşima”, Afrikada “Esperans”

Aziýanyň Çempionlar ligasynyň (AFK Champions League) kubogyny Ýaponiýanyň “Kaşima Antlers” topary eýeledi. Öz meýdançalaryndaky 1-nji oýunda 20 üstün çykan ýaponlar Eýranyň “Persepolisi” bilen myhmançylykda 00 hasabynda deňme-deň oýnady.

Tährandaky “Azady” stadionynda oýnalan duşuşyga 100 müň janköýer tomaşa edip, toparlar, aýratynam, ýer eýeleri erjel oýun görkezse-de hasap açylmady. Şeýlelikde, ýapon topary taryhynda ilkinji gezek yklymyň iň uly kubogyny asmana göterdi.

Bu ýeňiş ýapon toparlarynyň şu ýaryşdaky 7-nji çempionlygydyr.Bu ugurda koreý klublary 11 çempionlyk bilen öňdeligi eýeleýär.Eýran klublary 5-nji gezek finalda utuldy.Ýaryşyň iň gymmatly oýunçysy baýragyna çempion toparyň hüjümçisi Ýuma Suzuki laýyk görüldi. 13 gezek tapawutlanan “Al-Sadd” toparynyň alžirli hüjümçisi Bagdad Bunedžah ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy.

Afrikanyň Çempionlar ligasynyň finalynda 1-nji oýunda “Esperans” klubundan (doly ady “Esperans de Tunis”) 31 üstün çykan Müsüriň “Al-Ahli” toparyna bu hasap çempionlyk üçin ýeterlik bolmady.

Tunisiň Rades şäherindäki Olimpiýa stadionynda 60 müň janköýeriň şaýatlygynda geçen oýunda ýer eýeleri 30 hasabynda ýeňşini baýram etdi.Tunislilere ýeňiş getiren gollaryň 2-sini Saad Bguir (45+1, 54), beýlekisini-de Anis Badri (86) derwezä girizdi. Şeýlelikde, 2 oýnuň netijesi boýunça 43 öňe saýlanan ““Esperans de Tunis”” topary 3-nji gezek Afrikanyň çempiony boldy.

Olar mundan ozal, 1994-nji we 2011-nji ýyllarda KAF Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanypdylar.Bu üstünlik alžir klublarynyň 5-nji çempionlygydyr.Yklymyň bu kubogyny iň köp alan Müsüriň “Al-Ahli” topary bassyr 2-nji, umumylykda-da 4-nji sapar finalda utuldy.

Olaryň 8 çempionlygy bar. Ýaryşda 8 goly öz adyna ýazdyran “Esperans” toparynyň ýerli hüjümçisi Anis Badri iň netijeli hüjümçi baýragyny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Legionersiz ýygyndylar, diňe legionerlerden düzülen ýygyndy (Katar 2022 barada gyzykly maglumatlar)
26 futbolçynyň deň ýarysy bir klubdan ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy mälim edildi
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Miriň ilkinji ýeňşi
Žuan Mir Moto GP-niň täze çempiony
Oliweira möwsümi jemledi